Orhid köli ÝUNESKO-ny alada goýýar

  • 11.07.2021 07:46
  • 10k+

Balkan ýarymadasynda ýerleşýän Orhid köli we onuň töwerekleri ÝUNESKO-nyň goragy astynda saklanýar. Ýöne ekologlar howsala düşýärler: binalaryň gurulmagy we hapalanma bu tebigy suw howdanynyň ekoulgamyna we biodürlüligine görnetin zyýanly täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy Orhid kölüni ýitip-ýok bolmak howp astyna düşen desgalaryň sanawyna girizmegi göz öňünde tutýar. Bu barada euronews.com saýtyna salgylanyp, news.day.az habar berýär.

Katarina Wasileska, «SOS Orhid» taslamasynyň wekili:
— Eger-de ÝUNESKO haýsydyr bir ýeri ýitip barýan desgalaryň sanawyna goşsa, bu erbet alamat. Munuň özi ýurduň ÝUNESKO-nyň medeni mirasy hökmünde ykrar edilen desgany goramak boýunça öz üstüne alan borjuny ýerine ýetirmändigini görkezýär. Ol ýurtda ýagdaýy düzetmäge mümkinçilik bardygyny hem alamatlandyrýar.

ÝUNESKO-nyň basyşy bilen häkimiýetler käbir kenarýaka bardyr restoranlary ýapmagy buýruk berdi. «Ol deňizden damja» diýip, ekologiýanyň tarapdarlary aýdýarlar. Kölüň kenary myhmanhanalardyr özbaşdak gurlan desgalar, zawoddyr önümçilik kärhanalary bilen gurşalan. Olar bolsa galyndylaryny göni kölüň suwuna goýberýärler.

Konstantin Georgiýewski, Orhid şäheriniň häkimi:

— Biz gurlan desgalaryň köp bölegini aýyrdyk. Bu agyr ýük, ägirt uly zor salma we ýalňyşlyk. Olary düzetmek zerur.

Orhid köli Demirgazyk Makedoniýa bilen Albaniýanyň serhedinde ýerleşýär. Ýöne bu iki ýurda onuň goragyny utgaşdyrmak kyn düşýär. Häkimiýetler hapalanma garşy göreşmek we ekosyýahatçylyk boýunça meýilnamanyň üstünde işleýär. Ýöne ÝUNESKO-nyň maslahatlaryny ýerine ýetirmek üçin diňe bir wagt däl, eýsem, köp möçberde maliýe serişdeleri hem gerek bolar.


24.03.2026 07:08
4k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...

22.03.2026 08:18
5.2k+

ÝUNESKO Ortaýer deňzinde sunaminiň ýüze çykyp biljekdigini duýdurdy

ÝUNESKO ýene on ýyl çemesi wagtdan Ortaýer deňzinde sunaminiň ýüze çykmak ähtimallygynyň bardygy hakynda duýduryş berdi. Hünärmenleriň çaklamasyna görä, Fransiýanyň kenarýakalary hem howply zolakda ýerleşýär. Şol sebäpli gurama bu sebiti doly derejede howpsuz hasap etmeýär...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

16.02.2026 15:06
10k+

Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy

Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy...