ABŞ-da hot-doglary iýmek boýunça täze rekord goýuldy

  • 07.07.2021 13:18
  • 6.7k+

Nýu-Ýorkda ýekşenbe güni, 4-nji iýulda, ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli hot-doglary iýmek boýunça nobatdaky halkara ýaryşy geçirildi diýip, ESPN teleýaýlymy habar berdi. Muny Day.Az ýetirýär.

1972-nji ýyldan bäri Nathan’s amerikan garbanyşhana ulgamy tarapyndan gurnalýan ýaryşda amerikan Joui Çestnat ýeňiji boldy. Ol on minudyň içinde 76 hot-dog iýip, özüniň öňki rekordyny täzeledi. 2020-nji ýylda Çestnat 75 hot-dog iýipdi.
Umuman, bu rekord eýesiniň ýaryşlarda 14-nji ýeňşidir. 
Şeýle ýaryş aýallaryň arasynda hem geçirildi. Onda on minutda 30 ýarym hot-dog iýen Mişel Lesko ýeňiji boldy. Şol bir wagtyň özünde Miki Sudonyň 2020-nji ýylda goýan rekordy (48 ýarym hot-dog) saklandy. Bu ýyl Sudo göwreliligi sebäpli, ýaryşa gatnaşyp bilmedi. 
Belläp geçsek, ýeňijiler 10 müň dollar pul baýragyndan başga-da, guşak hem alýarlar: erkekler – goňrumtyl reňkli, aýallar – gülgüne reňkli. Ikinji ýer üçin bäş müň dollar, üçünji ýer üçin 2,5 müň dollar tölenýär.


şu gün 00:57
2.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
4.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....