Braziliýa Amerikanyň Kubogy ýaryşynyň finalyna çykdy

  • 06.07.2021 09:16
  • 7.8k+

Braziliýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça Amerikanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynda Peruny 1:0 hasabynda ýeňdi. Oýunda ýeke-täk pökgini 35-nji minutda Lukas Paketa geçirdi.

Toparlaýyn tapgyryň netijeleri boýunça braziliýalylar B toparda birinji orny eýeläpdiler. Ýaryşyň barşynda olar Wenesuelany (3:0), Peruny (4:0) we Kolumbiýany (2:1) hasabynda ýeňdiler, Ekwador bilen deňme-deň (1:1) oýnadylar, çärýek finalda Çiliden 1:0 hasabynda üstün çykdylar.
11-nji iýulda geçiriljek final duşuşygynda braziliýalylar Argentina - Kolumbiýa (7-nji iýul) oýnunyň ýeňijisi bilen duşuşar.
Koronawirus pandemiýasy zerarly 2020-nji ýylda ýatyrylan Amerikanyň Kubogy ýaryşy ilkibaşda Argentinada we Kolumbiýada geçirilmelidi. 31-nji maýda ýaryşyň Braziliýada geçiriljekdigi habar berildi.


düýn 18:26
2.2k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:46
4.2k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

30.04.2026 10:10
6.1k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.7k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......