Internet ägirtleri planetany ählumumy maýlamanyň howp astynda goýdy

  • 05.07.2021 13:50
  • 13k+

Koronawirus pandemiýasy tutuş dünýä ýüzünde möhüm ekologiýa meselelerini hem ýüze çykardy. Işiň uzak aralykdan alnyp barylýan görnüşi we adamlaryň aragatnaşygy energiýanyň sarp edilişini we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary pudagynyň kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň möçberini ýokarlandyrdy. Internet ägirtleriniň hereketleri planetany howanyň ählumumy maýlamagynyň howp astynda goýdy. Bu ugurdaky kompaniýalar boýunça hasabaty The Boston Consulting Group-yň (BCG) hünärmenleri işläp taýýarladylar. Ony lenta.ru saýtyna salgylanyp, trend.az ýetirýär.

Hyzmatlara islegiň barha artýan şertlerinde dünýä boýunça kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň 4 göterime çenlisi IT ulgamynyň paýyna düşýär. Bu görkeziji awiasiýanyňkydan iki esse ýokarydyr. Koronawirus howsalalylygyndan soň aragatnaşyk hyzmatlarynyň sarp edilişinde görnetin yza gaýtmalar görünmeýär diýip, BCG-nyň bilermenleri belleýärler.
2021-nji ýylda ählumumy derejede maglumatlary alyşmaga islegiň 60 göterime çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Eger-de ekologiýa ýetirilýän täsiriň öňüni almaga tarap hiç hili ädim ädilmese, 2040-njy ýyla çenli IT kompaniýalaryndan zyňyndylara düşýän paý 2-4 däl, eýsem, 14 göterim derejede bolar. Şoňa görä-de, alymlar IT kärhanalarynda ekologiýa durnuklylygynyň ilkinji orunda goýuljakdygyny belleýärler.


04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......