BMG: 2021-nji ýylda syýahatçylygyň peselmegi sebäpli ykdysadyýetiň ýitgileri 2,4 trillion dollara ýeter

  • 03.07.2021 17:09
  • 5.4k+

Koronawirus pandemiýasy sebäpli syýahatçylyk pudagynyň pese düşmegi bilen, dünýä boýunça JIÖ-iň möçberi 2021-nji ýylda 1,7 trilliondan 2,4 trilliona çenli azalar. Şeýle çaklamalar BMG-niň Söwda we Ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNKTAD) Ženewada çap edilen hasabatynda getirilýär. Ony belta.by saýty paýlaşýar.

«Halkara syýahatçylykda üstümizdäki ýylyň ikinji ýarymynda janlanmalara garaşylýar, ýöne UNKTAD-yň hasabatyna laýyklykda, 2021-nji ýylda, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 1,7 trilliondan 2,4 trillion dollar aralygynda ýitgilere garaşylýar» diýip, bilermenler belleýär.

Hasabatda bu hadysanyň ösmeginiň mümkinçilikleri bilen bagly ýagdaýlar getirilýär. Has pessimistik görnüşdäki maglumatlara görä, halkara gezelençleriň sany 75 göterime çenli azalar. Şu ýagdaýda syýahatçylyk pudagy 948 milliard dollar ýitirýär, dünýä boýunça jemi içerki önüme bolsa 2,4 trillion dollar ýitgi bolar.
Hasabatyň awtorlary köpçülikleýin sanjymlaşdyrmanyň syýahatçylyk pudagyna görnetin täsiriniň bardygyna ünsi çekýärler. Sanjymlaryň ýokary derejesi üpjün edilýän ýurtlarda onuň derejesi haýal ýa-da entek başlanylmadyk döwletlere garanyňda, ykdysadyýetiň ýitgileri o diýen ýokary bolmaz. «Sanjymlaşdyrmanyň depgininiň ýokary bolan ýurtlarynda syýahatçylyk pudagynyň tiz dikelmegine garaşylýar» diýip, bilermenler belleýärler. Şunuň bilen birlikde, olaryň pikiriçe, bu pudak koronawirus pandemiýasyndan öňki görkezijilere entek 2023-nji ýylda ýa-da ondanam soň ýetip biler.
UNKTAD-yň bahalandyrmalaryna görä, halkara syýahatçylyk ulgamy boýunça 2020-nji ýylda ählumumy JIÖ-e göni we gytaklaýyn täsirler esasynda ýitgileriň möçberi 2,4 trillion dollara barabar boldy. 12 aýyň dowamynda halkara syýahatçylyk gezelençleriniň sany 1 milliarda ýa-da 73 göterime çenli azaldy. Syýahatçylyk gezelençleri 60-80 göterim peselen ösüp barýan ýurtlar aýratyn ýitgi çekdiler. Olaryň hatarynda Demirgazyk-Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Okeaniýanyň, Demirgazyk Afrikanyň we Günorta Aziýanyň döwletleri bar.


01.10.2024 14:57
2.8k+

Türkmenistan Gruziýada Bütindünýä syýahatçylyk gününe bagyşlanan Maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk pudagy boýunça bölüm müdiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 27-nji sentýabrda Tbiliside geçirilen Bütindünýä syýahatçylyk güni mynasybetli her ýylky Halkara maslahatyna...

16.04.2026 15:43
6.6k+

Jeddah Tower asmana uzaýar: ägirt bina 100-nji gata ýetdi

Saud Arabystanyndaky «Jeddah Tower» binasynyň gurluşygy resmi taýdan 100-nji gata ýetdi. Bu taslama dünýäde beýikligi bir kilometrden aşýan ilkinji bina bolmak ugrunda ynamly öňe barýar....

16.04.2026 11:08
2.4k+

Selin Dionyň Pariždäki konsertleri ýurda 1,2 mlrd ýewro girdeji getirip biler

Selin Dionyň sentýabr we oktýabr aýlarynda Parižde geçirjek 16 konsertden ybarat bolan täze döredijilik sapary şäheriň syýahatçylyk pudagyna güýçli ykdysady itergi berer diýlip garaşylýar. Ekspertleriň baha......

16.04.2026 10:56
3.3k+

2,6 mln öwüşginli Lissabon halkara şäherler reýtinginde iň reňbe-reň şäher boldy

Portugaliýanyň paýtagty Lissabon 2,6 milliondan gowrak üýtgeşik reňk öwüşginini görkezip, dünýäniň iň reňbe-reň şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi....