Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Milli strategiýa tassyklanyldy

  • 03.07.2021 04:38
  • 12k+

Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa hem-de şu strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem bu strategiýany amala aşyrmak boýunça pudagara utgaşdyryjy topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Milli strategiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Bellenilip geçilişi ýaly, bu resminama Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň beýleki ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen taýýarlanyldy.
Milli strategiýanyň esasy maksady we wezipeleri ýokanç däl keselleriň öňüni almakdan we olaryň garşysyna göreşmekden, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekden, raýatlaryň saglyk baradaky habardarlylygyny ýokarlandyrmakdan, näsaglary ýokary hilli derman  hem-de beýleki lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmekden ybaratdyr.
Raýatlara ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin deň mümkinçilikler we şertler dörediler, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň sany artar. Zyýanly endikler sebäpli döreýän ýokanç däl keselleriň azalmagyna getirer, şeýle hem amaly lukmançylyga netijeli öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş we dikeldiş çäreleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde adam ömrüniň dowamlylygy ýokarlanar.

şu gün 17:32
1.3k+

Alymlar Alsgeýmer keseliniň irki alamatyny anykladylar. Bu - ys duýmagyň ýitmegi

Ys duýuşyň peselmegi, entek ýatkeşlik bilen bagly mesele döremezden öň hem, Alsgeýmer keseliniň ilkinji alamatlarynyň biri bolup biler. Bu Germaniýanyň Neýrodegeneratiw keselleri öwreniş merkeziniň we......

09.04.2026 20:12
8.2k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

09.04.2026 14:53
2.7k+

Türkiýe düwnük keseline garşy dermanyň ilkinji synaglaryny üstünlikli tamamlady

Türkiýäniň saglygy saklaýyş ministri Kemal Memişoglynyň habar bermegine görä, ýurduň özünde taýýarlanan rak keseline garşy ilkinji derman kliniki synaglaryň birinji tapgyrynda örän gowy netijeleri görkezdi....

08.04.2026 07:19
7.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......