Awstraliýada dünýäniň iň uly radioteleskopynyň gurluşygy başlandy

  • 02.07.2021 20:20
  • 4.9k+

SKA taslamasyna gatnaşyjy ýurtlar adybir radioteleskopyň gurluşyk taslamasyny resmi taýdan tassykladylar we gurluşyga başlandy. Ol Günbatar Awstraliýada ýerleşer, onuň gurluşygyny 2028-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýär diýip, Ýewropanyň astronomiýa bileleşiginiň (EAS) her ýylda geçirilýän ýygnagynda taslamanyň ýolbaşçylary aýtdylar. Bu barada TASS habar berýär.

“Biz bu pursada 30 ýyl garaşdyk. Adamzat planetada iň uly ylmy obýektiň gurluşygyna girişmek bilen, öňe tarap ýene-de ägirt uly böküş etdi. Biz Älemiň köp syrlaryny bilmäge kömek etjek iň uly we çylşyrymly iki radioteleskopy gurarys” – diýip, SKA obserwatoriýasynyň baş müdiri Filip Daýmond belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, geçen hepde SKA obserwatoriýasyna agza ýedi ýurduň ählisi – Awstraliýa, Hytaý, Italiýa, Niderlandlar, Portugaliýa, GAR we Beýik Britaniýa gurluşyk meýilnamalaryny resmi taýdan tassykladylar hem-de radioteleskopyň gurluşygy we ulanyşa girizilmegi üçin jemi 2 mlrd ýewro bermäge razy boldular.
Merçison obserwatoriýasynyň çäginde işler eýýäm başlady, ýöne doly derejeli gurluşyk indiki ýylyň başynda SKA agza ýurtlaryň kärhanalary we ylmy merkezleri bilen şertnama baglaşylandan soň başlar.
SKA-nyň Awstraliýa böleginiň gurluşygyny 2028-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilen. Alymlaryň pikiriçe, obserwatoriýa ilkinji ylmy maglumatlary birnäçe antennalar we maglumatlary gaýtadan işleýiş ulgamy işe girizilenden soň, ýakyn ýyllarda kabul edip başlar. Obserwatoriýanyň gurluşygy tamamlanandan soň, alymlar onuň azyndan 50 ýyl işlejekdigine ynam bildirýärler.


26.01.2026 22:13
3.6k+

Awstraliýanyň gadymy kengurulary 250 kg agrama garamazdan böküp bilipdirler

Alymlar mundan 13–30 müň ýyl ozal Awstraliýada ýaşan äpet kengurularyň 250 kilograma ýetýän agramyna garamazdan, böküp bilendiklerini anykladylar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, häzirki döwrüň iň uly gyzyl kengurularynyň agramy 90 kilogramdan geçmeýär...

16.01.2026 15:17
5.6k+

Ýeriň iň gadymy derýasy tapyldy: ol dinozawrlar döwründen hem öň akypdyr

Alymlar Ýeriň iň gadymy derýasyny tapdylar. Live Science žurnalynyň maglumatyna görä, ol Awstraliýadaky Finke derýasy bolup çykdy. Arizona uniwersitetiniň geomorfology Wiktor Beýker bu derýa ulgamynyň ýaşynyň 300 bilen 400 million ýyl aralygyndadygyny, munuň bolsa onuň dinozawrlardan hem gadymydygyny aňladýandygyny aýdýar...

18.12.2025 13:23
6.4k+

Dünýäde iň uly elektrik gämisi Tasmaniýada ilkinji synaglardan üstünlikli geçdi

Awstraliýanyň Incat Tasmania gämi gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlan we doly elektrik energiýasy bilen işleýän dünýäde iň uly gämi Tasmaniýanyň Hobart şäherinde ilkinji suw synaglaryny üstünlikli tamamlady...

21.11.2025 23:19
7.9k+

Awstraliýada 55 mln ýyl ozal ýaşan krokodilleriň ýumurtgalarynyň bölekleri tapyldy

Awstraliýanyň gündogaryndaky Murgon şäherinde krokodilleriň ýitip giden toparynyň ýumurtgalarynyň ýurtda iň gadymy bölekleri tapyldy. Tapyndy alymlara bu haýwanlara we olaryň ýaşaýyş gurşawyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer diýip, Täze Günorta Uels uniwersiteti habar berýär...