Belarusyň we Türkmenistanyň esasy poçta kompaniýalary hyzmatdaşlygy dowam etdirer

  • 29.06.2021 11:02
  • 9.3k+

2021-nji ýylda Belarusyň “Belpoçta” respublikan unitar kärhanasy bilen Türkmenistanyň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk dowam etdiriler diýip, Trend-e “Belpoçta-da” habar berildi. 

“Belpoçta” ençeme ýyl bäri ikitaraplaýyn ylalaşygyň esasynda Bütindünýä poçta birleşiginiň (BPB) we onuň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň çäginde poçta hyzmatlaryny hödürlemek pudagynda, şeýle-de halkara EMS ýollamalaryny alyş-çalyş etmekde “Türkmenpoçta” bilen üstünlikli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

“Şeýle-de, Belarus we Türkmenistan Aragatnaşyk boýunça sebit Arkalaşygynyň (ASA) işiniň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürýärler we öňdebaryjy tejribeler bilen paýlaşýarlar – olar ASA-nyň poçta aragatnaşygy boýunça komissiýalarynyň we ASA-nyň poçta operatorlary geňeşiniň mejlislerine, halkara seminarlara we sergilere gatnaşýarlar” – diýlip, habarda bellenilýär.

“Belpoçta” we “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşygy pudagyndaky halkara çärelere, şol sanda BPB-niň kongreslerine, mejlislerine we halkara seminarlaryna gatnaşmak bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrýarlar.
Belläp geçsek, “Belpoçta” 31-nji martdan Belarusdan Türkmenistana poçta ýollamalaryny dikeltdi. Belarusdan ýazmaça hatlary (resminamalar) we posylkalary ibermek bolýar. Şol bir wagtyň özünde EMS kurýer hyzmaty arkaly Türkmenistana eltmek hyzmaty heniz mümkin däl.
Ýatlap geçsek, Türkmenistan bilen Belarus birnäçe ugurda hyzmatdaşlyk edýär. Ýurtlaryň arasynda, aýratyn-da, Ýewraziýanyň ykdysady komissiýasynyň çäginde import-eksport işleri amala aşyrylýar.


15.04.2022 16:05
16k+

Balkanda 2022 — 2028-nji ýyllarda guruljak täze desgalaryň sanawy düzüldi

Balkan welaýatynda 2022 — 2028-nji ýyllarda gurulmagy meýilleşdirilen täze desgalaryň degişli sanawy düzülip, ol 14-nji aprelde geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi....

düýn 23:05
850

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 17:10
1.3k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

düýn 16:45
811

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......