Ýewro-2020: Çehiýa Niderlandlary utup, çärýek finala çykdy

  • 28.06.2021 05:59
  • 4.5k+

Ýewropa çempionaty - 2020-niň çäginde Çehiýa 1/8 final tapgyrynda Niderlandlardan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk Budapeştdäki «Ferens Puşkaş» stadionynda geçirildi. 

Gollary 68-nji minutda Tomaş Goleş we 80-nji minutda Patrik Şik geçirdi. Şik dört goly bilen ýaryşyň bombardirleriniň sanawynda Kriştianu Ronaldudan (bäş gol) soňra ikinji orna çykdy. Oýnuň 55-nji minudynda russiýaly emin Sergeý Karasýow Niderlandlaryň goragçysy Matteýs de Ligti jerime meýdançasynyň golaýynda el bilen oýnandygy üçin gyzyl duýduryş berip oýundan çykardy.
Çärýek finalda Çehiýa 3-nji iýulda Bakuda Daniýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......