Magtymguly Pyragy – söz güýji, kelam gudraty

  • 27.06.2021 08:38
  • 13k+

27-nji iýun Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni.

Türkmen halky özüniň aýratynlyklara öwrülen adatlaryny, däp-dessuryny uly toý edip belleýär. Baýrama öwürýär. Bu gün türkmen topragynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uludan tutulýar. Bu gymmatlyklaryň, mukaddeslikleriň bir günde utgaşykly baýram edilmegi hem döwletliligiň alamatydyr. Ähli adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly atamyzyň agzybirlik, berkararlyk hakdaky pikirleri biziň bu bagtyýar döwrümizde amala aşdy.
Il ykbalyny öz ykbalyndan ýeg gören şahyrymyzyň umytlara we ynamlara ýugrulan  „Hor galmasyn puştba-puştum, Berkarar döwlet islärin“ diýen arzuwlary hasyl boldy. Pyragynyň gursaklarda göteren, setirlerine siňen arzuw-hyýaly sadap gursagyndaky dury suwlaryň düre öwrülişi deýin,  nesilleriň gursagynda ýaşap, ömürlerden ömürlere ýol ýasady. Ol sözler, setirler bu gün Jeýhun bilen Bahry-Hazaryň arasynda ýaýylyp ýatan ümmülmez giňişlikde ruhubelentligiň ylham çeşmesi bolup ýaşaýar.
Magtymguly Pyragy — söz güýji, kelam gudraty bilen şahyrana älemiň arşyna galan şahyr. Magtymgulynyň şygryýeti — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, söz nepisligine teşne kalplary gandyrýan çeşmesi. Ol çeşme gözbaşyny Oguz handan, Gorkut atadan, Görogludan alyp gaýdyp, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, ahlak we edep ýörelgelerinden, Watan we watanperwerliginden, yşkdan we gözellikden ylham alýar. Şahyryň belent adamkärçilik duýgulary, şahyrana sözleri, müň öwüşginli öwüt-ündewleri ynsanlaryň kalbynda ruhubelentlik, çäksiz joşgun, nepis duýgulary döredýär.  
Magtymguly — müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesi, milletiň kalbynyň owazy, türkmen ruhunyň synmajak sütüni.  Türkmen halky özbaşdak döwlet bolýança, Pyragynyň  sözlerini özleriniň esasy durmuş ýörelgesi, şygary hökmünde alyp göterdi.
Magtymgulynyň şygryýet dünýäsinde ylymyň birnäçe ugurlary we adamzadyň ähli ömür menzilleri birin-birin şöhlelendirilýär. Perzendiň kemala gelmeginden dünýä inýänçä, emedekläp ugrandan ýigit çykýança, garrylyk we ömür babatdaky pikirleri paýhas halysynyň çitimlerindäki    eriş-argaç bolup dur.  Älemiň ýaradylyş kyssasy, taryhy söhbetler, hekaýatlar sünnälenip berlipdir.


30.01.2026 11:52
6.6k+

Magtymguly Pyragynyň çagalygy barada «Arzyman» ady bilen täze film düşürildi

Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Arzyman» filmi häzirki wagtda montaž tapgyryndan geçýär. Şahyryň ykbaly we mirasy baradaky täze kino eserini režissýor, ssenariçi hem-de «Mekanfilm» studiýasynyň esaslandyryjysy Çaryýar Seýidow düşürdi...

09.01.2026 10:33
4.4k+

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy rumyn dilinde neşir edildi

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň rumyn dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi...

21.12.2025 23:46
6k+

«Magtymguly Pyragy» «Oltin Humo – 2025» atly milli kinobaýragynda iň gowy film hökmünde yglan edildi

Türkmen we özbek kinematografiýaçylarynyň bilelikdäki düşüren «Magtymguly Pyragy» atly çeper filmi Özbegistanda geçirilen «Живая история» («Janly taryh») atly halkara kinoforumynda «Iň oňat film» diýen ýokary baha mynasyp boldy...

22.11.2025 14:14
4.5k+

Pariždäki Arap dünýäsi institutyna Magtymgulynyň arap dilindäki neşirleri gowşuryldy

18-nji noýabrda Pariždäki Arap dünýäsi institutyna türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň arap diline terjime edilen eserleriniň seýrek nusgalary gowşuryldy. Çäre Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa amala aşyran resmi saparynyň çäginde geçirildi...