Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça Milli strategiýa taýýarlanylýar

  • 26.06.2021 19:56
  • 14k+

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.

Wise-premýer M.Geldinyýazow Hökümet mejlisiniň barşynda degişli ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu strategiýanyň esasy maksady we wezipeleri ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olaryň garşysyna göreşmegiň ileri tutulmagyny gazanmakdan, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakdan we adamlaryň saglyk babatda sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan hem-de näsaglary ýokary hilli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmekden ybaratdyr.
Milli strategiýanyň amala aşyrylmagy netijesinde, ilatymyzyň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik etmekleri babatda düşünjeleri artdyrylar hem-de olaryň saglygy has-da berkidiler.

düýn 11:31
3.2k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......