Microsoft-yň kapitallaşdyrmasy ilkinji gezek 2 trln dollara ýetdi

  • 25.06.2021 20:20
  • 4.6k+

22-nji iýunda Nýu-Ýork söwdasynda Microsoft IT-ägirdiniň paýnamalarynyň bahasy 1,2% ýokarlandy we bu kompaniýanyň gysga wagtlyk 2 trln dollarlyk bazar kapitallaşdyrmasyna ýetmegine mümkinçilik berdi diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Söwdanyň ahyrynda Microsoft-yň paýnamalary öňki söwda bahasyna 1,1% ösüşi görkezdi we 265,51 dollar boldy, kompaniýanyň bazar kapitallaşdyrmasy bosa 1,99 trln dollar boldy diýlip, Nasdaq biržasynyň maglumatlarynda getirilýär. Bu barada www.forbes.ru habar berýär.

IPO-dan bäri Microsoft-a 1 trln dollardan geçmek üçin 33 ýyl, 2 trln dollar üçin ýene iki ýyl gerek boldy.
22-nji iýunda FANGMAN toparynyň ähli paýnamalary ýokarlandy. Facebook-yň kagyzlary 2,16%, Apple – 1,27%, Netflix – 3,33%, Google (A synpy) – 0,4%, Amazon – 2,02%, Nvidia – 2,9% gymmatlady. 
Microsoft-yň işi, esasan, bulut bölümçesiniň kömegi bilen ösmegini dowam etdirýär. Kompaniýa ikinji çärýegiň jemi boýunça satuw göwrüminiň 44,05 mlrd dollar bolmagyna garaşýar, bu bir ýyl ozalkydan 15,8% köpdür. 
Kapitallaşdyrmasy $2 trln bolan ilkinji kompaniýa Saud Arabystanda iň uly korporasiýa Saudi Aramco, ondan soň Apple boldy. Häzirki wagtda olaryň bahasy, degişlilikde, 1,9 trln dollar we 2,2 trln dollar. Şeýle-de, 2 trln dollar bellige 1,77 trln dollar we 1,67 trln dollar bazar bahalary bilen Amazon we Google-iň esasy kompaniýasy Alphabet golaýlaýar.

düýn 23:23
385

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

düýn 18:18
626

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 19:42
1.5k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

10.05.2026 18:57
9.8k+

Gazagystanly milliarder baýlygynyň ýarysyny haýyr-sahawata berýär

2026-njy ýylyň aprelinde gazagystanly telekeçi, BI Group kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Aýdyn Rahimbaýew we onuň aýaly Anar resmi taýdan «The Giving Pledge» halkara başlangyjyna goşuldylar. Bu başlangyç......