Microsoft täzelenen Windows 11 operasion sistemasyny hödürledi

  • 25.06.2021 12:08
  • 7.3k+

Microsoft korporasiýasy Windows 11 adyny alan operasion sistemasynyň täzelenen görnüşini hödürledi. Bu barada TASS habar berýär.

Esasy täzelikleriň biri operasion sistemanyň täzelenen dizaýnydyr. Aýratyn-da, “Pusk” menýusynda düýpli üýtgeşmeler boldy, ol indi ekranyň merkezi böleginde ýerleşer.
Mundan başga-da, täze OS doly işlenilen dizaýna eýe boldy, iki monitoryň işini götermek üçin kämilleşdirilen ulgamy, dürli serwislere elýeterli bolmak üçin wijetleri we başga-da birnäçe täzelikleri aldy. Kompaniýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, OS-yň täzelenen görnüşi özünden öňküler bilen deňeşdirilende, has tiz we ygtybarly bolar.
Windows 11-iň işlemegi üçin ýygylygy 1 GGs bolan iki ýadroly 64 bitlik prosessor, 4 gigabaýt operatiw ýat we 64 gigabaýt göwrümli gaty disk gerek bolar. Şeýle-de, 1366x768 piksel durulykda monitor we DirectX 12 tehnologiýasyny göterýän grafiki karta gerek. Monitoryň diagonaly 9 dýuýmdan az bolmaly däl. Bu başlangyç tapgyrda Windows 11-iň telefonlarda we planşetleriň köpüsinde ulanylmajakdygyny aňladýar.
Deňeşdirmek üçin getirsek, Windows 10 32 gigabaýt gaty diski we 2 gigabaýt operatiw ýady talap edýärdi.
Operasion sistemanyň esasy täzelikleriniň biri Windows 11-iň Android üçin programmalary ulanmaga mümkinçilik bermegindedir. Android üçin programmalar Amazon onlaýn dükany arkaly ýaýradylar. Windows 11 operasion sistemasynyň ulanyjylara şu ýylyň ahyrynda elýeterli bolmagyna garaşylýar. 

düýn 11:22
1.5k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

düýn 11:10
664

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 23:04
2.4k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.6k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......