Apple iPhone 12 mini smartfonunyň önümçiligini bes etdi

  • 25.06.2021 11:32
  • 11k+

Apple kompaniýasy 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde iPhone 12 mini smartfonunyň önümçiligini möhletinden ir bes etdi. Bu barada TrendForce marketing kompaniýasy habar berýär diýip, esquire.ru belleýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň şeýle netijä gelmeginiň sebäbi smartfonuň satuwynyň pes bolmagydyr. Ýagny, bu smartfon ulanyjylarda meşhurlyk gazanyp bilmedi.
“Indi Apple kompaniýasy önümçilikden aýrylan iPhone 12 mini-niň iPhone 12 maşgalasyndaky beýleki modeller bilen deňeşdirilende, satuw görkezijisiniň ýaramaz bolandygyny nazara alyp, iPhone 12 hataryndan üç modeliň satuwyny ýokarlandyrmaga üns berer” – diýlip, TrendForce-iň hasabatynda aýdylýar.
Ýatlap geçsek, iPhone 12 mini 2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda iPhone 12, iPhone 12 Pro we iPhone 12 Pro Max bilen birlikde hödürlendi. 
TrendForce Apple kompaniýasy 2021-nji ýylyň güýzünde iPhone 12s ady bilen täze gurluş seriýasyny hödürlär diýip çaklaýar. Olar A15 prosessoryna, 5G ulgamyna we ähli kameralarda 6P obýektiwine eýe bolar. Kompaniýanyň iPhone 12s-iň üç modelini çykarmagyna garaşylýar.

düýn 17:02
2k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.1k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.2k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.8k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......