Tide kosmosda ulanmak üçin ilkinji kir ýuwujy serişdäni çykarar

  • 25.06.2021 11:24
  • 5.5k+

Tide kosmosda ulanmak üçin dünýäde ilkinji kir ýuwujy serişdäni döretmäge girişdi. Ol kosmosda eşikleriň hapalanmagy barada aladalanmazlyga mümkinçilik berer. Galyberse-de, ony Ýerde-de ulanyp bolýar diýip, msn.com habar berdi.

Tide brendine eýelik edýän “Procter & Gamble” (P&G) kompaniýasy bu meseläni çözmek üçin NASA bilen birleşdi. Hünärmenler Halkara kosmos stansiýasynda (ISS) bortda we geljekde Aýa we Marsa uçuş wagtynda kosmonawtlaryň eşiklerini arassalamak üçin ulanyp boljak serişde döretmek isleýärler.
Kir ýuwujy serişdäni 2022-nji ýyla çenli Halkara kosmos stansiýasyna ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şol ýerde serişde mikrograwitasiýada we başga bir radiasiýa derejesinde synag ediler. Mundan başga-da, stansiýada “Tide”-yň arassalaýjy süpürgiçleriniň hem netijeliligi barlanar.
Häzirki wagtda Halkara kosmos stansiýasynyň ekipažynyň agzalary eşiklerini arassalap bilmeýärler. Olar şol bir toplumy ep-esli wagtlap geýýärler we soň täzesine çalyşýarlar.

şu gün 00:06
327

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

düýn 17:40
3.6k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....

düýn 07:43
1.1k+

YouTube emeli aň tarapyndan döredilen wideolary awtomatiki usulda belgiläp başlar

YouTube platformanyň syýasatyndaky üýtgeşmeler barada yglan etdi we emeli aň (EA) arkaly döredilen wideolary bellemek ulgamyny ornaşdyryp başlady....

28.05.2026 23:53
5.8k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....