Lebabyň etrap hassahanalarynyň çagalar bölümine «Tiz kömek» awtoulaglary berildi

  • 25.06.2021 10:52
  • 16k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Lebap welaýatynyň her bir etrabynyň hassahanalarynyň çagalar bölümi üçin täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-sy sowgat berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan “Tiz kömek” awtoulaglarynyň üpjünçiligi bilen tanyşdy.
Türkmenabadyň köpugurly hassahanasynyň öňündäki meýdançada Gurbanguly Berdimuhamedowy ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine täze ýörite ulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

18.02.2026 15:44
2.5k+

Rumyniýada derman serişdelerine durnukly 5 müňýyllyk bakteriýa tapyldy

Rumyn alymlary Skerişoara gowagyndan häzirkizaman antibiotiklerine durnukly bolan gadymy bakteriýa ştammyny tapdy. Bu tapyndy barada «Frontiers in Microbiology» ylmy žurnalynda habar berilýär. Psychrobacter SC65A...

16.02.2026 14:19
3.8k+

Türkmen lukmanlary rak keseliniň öňüni almakda Sloweniýanyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet Sloweniýanyň ýatgynyň boýunjygynyň rak keselini irki anyklaýyş we öňüni alyş boýunça öňdebaryjy tejribesini öwrenmek üçin Lýublýana şäherine tanyşlyk saparyny amala aşyrdy...

15.02.2026 13:47
2.7k+

Aloe weranyň düzüminde Alsgeýmer keseline garşy madda tapyldy

Alymlar aloe wera ösümliginiň düzüminde Alsgeýmer keselini bejermek üçin zerur dermanlaryň esasyny düzüp biljek täze bir birleşmäni ýüze çykardylar. Beta-sitosterol diýlip atlandyrylýan bu madda ýatkeşligiň peselmegi bilen bagly iki sany fermentiň işine täsir etmäge ukyply...

14.02.2026 10:55
15k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri täzelendi

Myrat Akmyradowiç Mämmedow pensiýa gitmegi sebäpli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşadyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi...