Amerikaly türgen ýadro zyňmak boýunça 30 ýyllyk dünýä rekordyny täzeledi

  • 22.06.2021 18:11
  • 8.6k+

Amerikaly Olimpiýa çempiony Raýan Krauser Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlary üçin milli saýlama ýaryşynda ýadro zyňmak boýunça dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

28 ýaşly Krauser özüniň iň gowy synanyşygynda 23.37 metr netijäni görkezdi. Bu netije täze dünýä rekordyna öwrüldi. Mundan öňki 23,12 metrlik rekord hem ýene bir amerikaly türgen Rendi Barnsa degişli bolup, ol 1990-njy ýylda goýlupdy. Ondan bäri 30 ýyldan gowrak wagt geçdi.
Ýudjinde (Oregon) geçirilýän bu bäsleşikde ikinji orny Jo Kowaç (22.34), üçünji orny bolsa Peýton Otterdal (21.92) eýeledi.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ýanwar aýynda Krauser ýapyk giňişlikde 22.82 metr uzaklygy snarýad zyňyp, Barnes tarapyndan goýlan dünýä rekordlarynyň ýene birini täzeläpdi. Mundan başga-da, ol 2016-njy ýylyň Olimpiadasynda ýeňiji boldy we 2019-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy.


21.06.2026 21:03
2.1k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....