Şweýsariýa sagatlarynyň eksporty birden peseldi

  • 22.06.2021 19:06
  • 9.2k+

2021-nji ýylyň maý aýynda Şweýsariýa sagatlarynyň eksporty 2019-njy ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende, 11,9% peseldi we 1,797 mlrd Şweýsariýa frankyna barabar boldy.

APA-nyň habar bermegine görä, muny Şweýsariýanyň sagat senagaty federasiýasynyň maglumatlary delillendirýär. Eksport şu ýylyň aprel aýynda hem şeýle derejede bellige alyndy.
Geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende, eksport 2,7 esse ýokarlandy. Aprel aýynda ösüş 2020-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende, 5,5 esse, mart aýynda 37,2% boldy, mundan öň sagat eksporty ýyllyk deňeşdirmede yzygiderli 13 aý pese gaçypdy. Sagat senagaty federasiýasy 2020-nji ýylyň maý aýynda görkezijiniň 67,9% pese gaçandygyny, şonuň üçin ösüşi ýyllyk aňlatmasynda deňeşdirmegi ýerlikli hasaplamaýandygyny belleýär.
Paýyna eksportuň esasy bölegi düşýän el sagatlarynyň ýola goýulmasy maý aýynda 2019-njy ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende, 9,2%, ýagny 1,709 mlrd franka çenli azaldy.
Şweýsariýa sagatlarynyň Hytaýa eksporty 2019-njy ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 17,4%, 264 mln franka çenli, ABŞ-a – 16,6%, 242,9 mln franka çenli, Beýik Britaniýa – 8,3%, 105,7 mln franka çenli ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde Gonkonga eksport 27,5%, 197 milliona çenli, Ýaponiýa – 26,4%, 112,1 milliona çenli, Singapura – 3,8%, 108,4 milliona çenli peseldi. Maý aýynda bu 6 ýurt Şweýsariýanyň sagat bazarynyň 57,3%-ni eýeledi. Umuman, bu 6 ýurda sagatlaryň iberilmegi iki ýyllyk aňlatmasynda 3,5% azaldy.
Ýanwar-maý aýlarynda Şweýsariýanyň sagat eksporty 2019-njy ýylyň ýanwar-maý aýlary bilen deňeşdirilende, 3% - 8,663 mlrd Şweýsariýa frankyna çenli pese gaçdy. Ýyllyk aňlatmasynda ösüş 50% boldy.

şu gün 14:20
1.7k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

17.06.2026 11:29
4.5k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

17.06.2026 11:16
911

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

17.06.2026 09:59
1.1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......