Olimpiýa türgeni Useýn Bolt ekiz perzentleriň kakasy boldy

  • 29.06.2021 18:16
  • 5.8k+

Dünýäniň 8 gezek Olimpiýa çempiony Useýn Bolt ýene-de kaka boldy. Onuň ýanýoldaşy Keýsi Bannet türgeni ekiz perzentler bilen begendirdi. Oglanjyklara Sent-Leo hem-de Tander diýip at goýdular. Bu barada vesti.ru habar berýär.

Bolt ilkinji gezek 2020-nji ýylyň maýynda kaka boldy. Şol wagt onuň gyz perzendi Olimpiýa Laýtning dünýä indi.
Ýeri gelende bellesek, ýamaýkaly türgen 100 we 200 metr aralyga ylgamakda Olimpiýa oýunlarynyň 3 gezek çempiony boldy. Şeýle hem ol 4х100 metre estafeta ylgawynda hem Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisidir. Bulardan başga-da, Bolt dünýä çempionatlarynyň 11-sinde altyn medala mynasyp boldy. Oňa 100 we 200 metr aralyga ylgaw boýunça dünýä rekordlary degişlidir. 
Ýeňil atletika bilen hoşlaşandan soň, Useýn Bolt özüni professional futbolda synap görmek isledi, emma häzir onuň bu ugurda üýtgeşik üstünlikleri göze ilmeýär.


21.08.2023 09:01
20k+

Serdar Berdimuhamedow Budapeştde Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany boldy

20-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Budapeştiň Milli atletika merkezine bolup, bu ýerde beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde iň gyzykly ýaryşlaryň biriniň — erkekleriň arasynda 100 metr...

20.08.2023 01:14
20k+

Gurbanguly Berdimuhamedow ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyşyna çagyryldy

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga çagyryp, çakylyk...

20.08.2023 01:09
16k+

Wiktor Orban Serdar Berdimuhamedowy ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyşyna çagyrdy

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýeňil atletikada boýunça Merkezi Ýewropada ilkinji gezek geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmaga çagyrdy. «Her ýylyň 20-nji awgusty wengerleriň...

şu gün 22:55
54

Gümrük düzgünleri baradaky ilkinji türkmen ykjam goşundysy işe girizildi

Türkmenistanyñ Döwlet gümrük gullugy gümrük düzgünleri baradaky ilkinji ykjam goşundysyny işe girizdi. Taslama Ýewropa Bileleşigiñ hemaýaty bilen Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMKA-10) bilen...