Serdar Berdimuhamedow Budapeştde Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany boldy

  • 21.08.2023 09:01
  • 21k+

20-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Budapeştiň Milli atletika merkezine bolup, bu ýerde beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde iň gyzykly ýaryşlaryň biriniň — erkekleriň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň tomaşaçysy boldy.

Gysga aralyga ylgamak boýunça türgenleriň arasyndaky ýaryşlar sport muşdaklarynda hemişe uly gyzyklanma döredýär. Dünýä çempionatlarynda we Olimpiýa oýunlarynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşyň jemleýji tapgyrynyň ýeňijisi bolmak ugrunda dünýäniň iň güýçli türgenleri bäsleşýärler.
Bu ýerde wenger tarapynyň adyndan belent mertebeli myhmanlar üçin her ýyl 20-nji awgustda bellenilýän Wengriýanyň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli kabul edişlik guraldy.
Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Serdar Berdimuhamedow Budapeştiň Ferens List adyndaky halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......