«Türkmenhowaýollaryna» «Boeing 777-200LR» uçary gelip gowuşdy

  • 22.06.2021 17:40
  • 23k+

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ygtyýaryna Boeing 777-200LR kysymly nobatdaky dördünji howa gämisi gelip gowuşdy.

AviationNepal.com saýtynyň habar bermegine görä, bu howa gämisi dünýäde Boeing 777-200LR kysymly iň soňky ýolagçy uçardyr. Uçar «Boeing» kompaniýasynyň ABŞ-nyň Eweret şäherindäki zawodynda öndürildi.
Häzirki wagtda «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan üç sany “Boeing 777-200LR” kysymly howa gämisi dolandyrylýar. Agentlik 2019-njy ýylyň ortalarynda bahasy 346 million 900 müň ABŞ dollaryna barabar bolan täze “Boeing 777-200LR” uçaryny sargyt edipdi.
Bu täze uçar “Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Boeing” kompaniýasyndan satyn alan 32-nji uçary boldy.
“Boeing 777-200LR” ýolagçy uçarynyň bir bada 317 sany ýolagçyny daşamaga we 15 müň 843 kilometre barabar bolan uzaklyga çenli uçuşlary üznüksiz ýerine ýetirmäge ukyby bardyr.

şu gün 14:33
1k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......

şu gün 14:29
228

The Guardian gazeti taryhdaky iň gowy 100 romanyň täze sanawyny düzdi

The Guardian ähli döwürleriň iň gowy 100 romanynyň täze sanawyny çap etdi ....

şu gün 13:16
1.6k+

Tiz wagtdan Finlýandiýada ilatyň garramagy sebäpli jaýlaryň 30%-i boş galar

Ýakyn 20 ýylyň dowamynda Finlýandiýada ilatyň çalt garramagy (ýaşuly adamlaryň sanynyň köpelmegi) sebäpli, ýurtdaky bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň tas 30%-iniň boşap galmak howpy bar. Bu barada OP-Pohjola maliýe......

şu gün 00:05
3.6k+

Iş hepdesiniň gysgaldylmagy Islandiýanyň ykdysady ösüşini güýçlendirdi

Islandiýa milli derejede çeýe iş tejribeleriniň gerimi boýunça dünýä liderine öwrüldi. Ýurduň tejribesi adaty zähmet bazarynyň “iş wagtynyň azaldylmagy gürrüňsiz ykdysady görkezijilere zyýan ýetirýär” diýen......