Türkmenistan boýunça häzire çenli 1,2 million tonnadan gowrak däne ýygnaldy

  • 22.06.2021 17:28
  • 6k+

Häzire çenli Türkmenistan boýunça 1 million 232 müň 753 tonna däne ýygnalyp, bu babatdaky meýilnama 88,05 % ýerine ýetirildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň barşynda hasabat berdi. Iş maslahatyna şeýle hem Mary welaýatynyň we etraplarynyň häkimleri gatnaşdy. Maslahatyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, hususan-da, galla oragy bilen bagly meseleler girizildi.

Wise-premýer galladan boşan meýdanlarda sürüm geçirmek, welaýatlaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda, aralyk ekinleri bolan noýba, mäş, künji we gök-bakja ekinlerini ekmek, Balkan we Mary welaýatlarynda güýzlük gant şugundyryny hem-de Lebap welaýatynda şaly ekinini ekmek işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Şeýle hem wise-premýer şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynyň gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gowaçalara ideg etmek işleriniň dowam edýändigini aýtdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew oba hojalyk pudagynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýyl welaýatda 170 müň gektar meýdanda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigi we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işleriň dowam edýändigi barada hasabat berdi.
Möwsümde welaýat boýunça däne ýygýan kombaýnlaryň 507-si we galla daşaýan ýük awtoulaglarynyň 2 müň 535-si sazlaşykly işledilýär. Gündelik ýygnalýan hasyl galla kabul ediş bölümleriniň 45-sinde bökdençsiz kabul edilýär hem-de hasylyň ammarlarda we elewatorlarda talabalaýyk saklanylmagy üçin zerur işler geçirilýär.
Şu güne çenli Watan harmanyna 320 müň 766 tonna däne tabşyrylyp, bellenilen meýilnama 92,98 göterim ýerine ýetirildi.
Soňra Mary welaýatynyň etraplarynyň häkimleri hasabat bilen çykyş etdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynyň barşynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň “Täze ýol” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýagmyrgeldi Oratdyýew bilen söhbetdeş boldy.
Türkmen Lideri kärendeçiniň armasyny ýetirip, öý-içerileri, oba durmuşynyň, ýetişdirilen şu ýylky galla hasylynyň ýagdaýy bilen gyzyklandy.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekip, bu ugurda etraplarda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.

düýn 10:10
4k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

düýn 09:29
3.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

23.06.2026 22:06
921

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

23.06.2026 20:58
8.7k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....