Türkmenistanda firma adyny almak üçin näme etmeli?

  • 21.06.2021 19:40
  • 22k+

Ýurdumyzda hususy telekeçilik işleri barha giň gerim alýar. Bazar ykdysadyýetiniň esasy aýratynlygy bolan telekeçilik öz döredijilik, oýlap tapyjylyk, önüm öndürijilik mümkinçilikleriňizi ýerlikli peýdalanmaga giň ýol açýar. Telekeçilik dünýäsi beýik we anyk maksatlaryňyzy hasyl etmek üçin iň oňaýly meýdandyr. Beýik maksatlara, anyk ädimlere eýe bolsaňyz, geljegiňizdäki etsem-goýsamlaryňyzy ädimme-ädim meýilleşdiren bolsaňyz, onda siziň öňüňizde şol ugra degişli firma açyp, hyýallaryňyzy hakykata öwürmek tapgyry peýda bolupdyr. Köpüňiz haçandyr bir wagt özleriniň hususy firmasyny, onuň hereket edýän giňişliklerini  göz öňüne getirensiňiz. Dünýä belli firmalaryň biri bolmak mümkinçiligini hem elden beren dälsiňiz. Arzuw edeniňizde, öňüňizde maksat goýanyňyzda hemişe uly hörpden tutmalydygy, ümzügimizi beýik menzil-mertebelere tarap öwürmelidigi ündelýär. “Has köp zady hasyl etmäge mümkinçiligi barka, az zat bilen kanagat edip oturmak ynsana aýypdyr” diýen aýtgy hem bar. Beýlekileriň sizi ilki adyňyz bilen tanaýşy ýaly, dünýä meşhur boljak firmaňyz hem, elbetde, ady bilen tanalyp başlar. Eýsem, firma ady nähili alynýar?
TmCars.info saýty sizi firma adynyň alnyşy we beýleki aýratynlyklary bilen tanyşdyrmaga dowam eder.

“Firma atlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, firma ady — telekeçi ýuridik şahsyň işi amala aşyrylanda, şol ýuridik şahsy beýlekilerden tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän belgisidir. Sizi beýleki firmalardan tapawutlandyrýan zat, ilki bilen, firmaňyzyň ady, soňra bolsa haryt nyşanyňyzdyrHaryt nyşany, muňa başgaça ýerine ýetirilýän hyzmatyň nyşany hem diýilýär. Ol telekeçi ýuridik şahsyň harytlarynyň, ýagny ýerine ýetirýän işleriniň, hyzmatlarynyň  aýrybaşgalandyrylmagy üçin hyzmat edýän belgilemesidir.

Firma adyny almak üçin nämeler etmeli?
Firma adyny almaga gyzyklanýan şahs haýyşnama bilen ygtyýarly edara ýüz tutmaly. Firma ady ygtyýarly edara tarapyndan haýyşnama bilen ýüz tutan şahsyň özüne ýa-da ygtyýarlyklary ynanç haty bilen tassyklanylan wekiliň üsti bilen hem berlip bilner.
Haýyşnama we haýyşnama goşulýan resminamalar döwlet dilinde tabşyrylýar. Haýyşnama ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen talaplara laýyklykda berilýär. Eger-de ýüz tutanyňyzdan soňra käbir zatlar babatda pikiriňiz üýtgese, haýyşnamaçynyň towakganamasy esasynda haýyşnamany yzyna almak mümkinçiligi bar.
Ygtyýarly edara haýyşnama berlen firma adynyň Kanunyň talaplaryna laýyklygyny anyklamak üçin, haýyşnamanyň gelip gowşan gününden başlap, bäş iş gününiň dowamynda firma adynyň bilermenler seljermesini geçirýär. Eger-de haýyşnama berlende Kanunda bellenilen talaplar bozulan bolsa, onda  bar bolan kemçilikleri on iş gününiň dowamynda aradan aýyrmak barada teklip edilip, haýyşnamaça talapnama iberilýär. Ol on günlük möhlet bilermenler seljermesiniň talapnamasyny alan gününden başlap, güýje girýär. Eger-de haýyşnamaçy bellenilen möhletde görkezilen kemçilikleri aradan aýyrmasa ýa-da bilermenler seljermesiniň talapnamasyny jogapsyz galdyran halatynda haýyşnama yzyna alnan hasap edilýär, bu barada haýyşnamaça habar berilýär.
Firmaňyza mynasyp gören adyňyzyň size berilmeýän ýagdaýlary hem bolup bilýär. TmCars.info saýty munuň aýratynlyklary bilen hem ýakyn wagtda tanyşdyrar.

şu gün 08:37
4.8k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

düýn 08:33
3.4k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......