Apple öz hususy klinikasyny açmagy meýilleşdirýär

  • 21.06.2021 19:24
  • 3.1k+

Apple kompaniýasynyň uzak bäş ýyldaky meýilnamalary belli boldy — kompaniýa esasy aýratynlygy Apple Watch we iPhone gurluşlaryndan alnan maglumatlary ulanmak bolan öz hususy klinikasyny açmak isläpdir. Bu barada ferra.ru saýtynda habar berilýär.

Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, bu taslamanyň kodly ady «Casper» bolupdyr. Kompaniýa öz hünärmenleri bolan «Apple Doctors» atly klinikalaryň tutuş toparyny açmak isläpdir. Belli bolşy ýaly, Apple eýýäm öz işgärlerine hyzmat edýän klinikany satyn alyp hem öz hususy hünärmenleriniň toparyny jemläp ýetişipdir.
Apple öz haryt nyşanly ilkinji klinikasyny baryp 2016-njy ýylda açmagy göz öňünde tutupdyr. Ýöne içerki düşünişmezlikler we toplanan maglumatlaryň ulgamlaýyn däldigi sebäpli, käbir işgärleri taslamanyň konsepsiýasyny deň paýlaşyp bilmändirler. Şonuň üçin-de bu taslama amala aşyrylman galypdyr. Şonuň bilen birlikde, Apple taslama baradaky maglumatlary gutarnykly ýok etmändir. Bu bolsa, belki-de, ýakyn geljekde tehnikalary öndüriji meşhur kompaniýanyň ilkinji klinikasynyň açylmagyna sebäp bolar.

18.05.2026 14:46
4.4k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
6k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....