Türkmenistan energetika pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrýar

  • 19.06.2021 19:52
  • 4.9k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde energetika ministri Ç.Purçekow içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek hem-de pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Lebap welaýatynda gurulýan, kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik bekediniň, Ahal — Balkan — Daşoguz aralygynda halkalaýyn energoulgamyň işe girizilmegi, Ahal we Daşoguz elektrik beketlerinde bug turbinalarynyň oturdylyp, goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegi öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam eder.
Döwlet Baştutany energetika ulgamynyň önümçilik düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişine, şol sanda Lebap welaýatynda ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurulýan täze elektrik bekediniň hem-de “Ahal — Balkan” we “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, daşky gurşawy goramak meselesine örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Bu ulgamda ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalar, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik bekedini gurmak barada taslamany mysal getirdi.
Türkmen Lideri bu bekediň ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň başlangyjyna öwrüljekdigini, bu ýerde dünýäde iň soňky gazanylan öňdebaryjy tehnologiýalaryň we nou-haularyň ornaşdyryljakdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek baradaky Milli strategiýasyny amala aşyrmakda anyk ädim boljakdygyny belläp, ähli energetikleri bu şanly waka bilen gutlady hem-de bekediň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek barada ministre degişli tabşyryklary berdi.

şu gün 10:04
464

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

düýn 22:20
4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 22:18
4.1k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

düýn 13:44
2.7k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......