Stokgolm bilen Herning 2025-nji ýylda hokkeý boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

  • 19.06.2021 19:15
  • 2.4k+

Halkara hokkeý federasiýasy (IIHF) Şwesiýanyň Stokgolm şäheri bilen Daniýanyň Herning şäherini 2025-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň hojaýynlary hökmünde saýlady. Bu barada IIHF-iň metbugat gullugy habar berýär diýip, TASS belleýär.

Stokgolm toparlaryň biriniň oýunlaryny, şeýle-de iki dörtden bir final oýunlaryny, ýarym finaly, üçünji orun üçin oýny we finaly kabul eder. Herningde beýleki toparyň oýunlary we iki dörtden bir final oýunlary geçer.

“Stokgolmyň beýleki şäherler bilen çynlakaý göreşde dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanmagy bizi begendirýär. Ýaşlary çekmek üçin uly sport çärelerini geçirmek örän möhüm” – diýip, Stokgolmyň häkimi Anna Kýonig Ýerlmir aýdýar.

Daniýanyň hokkeý birleşiginiň prezidenti Henrik Bah-Nilsen Daniýanyň ýaryşy geçirmek üçin iň amatly ýeri saýlandygyny belledi. “Biziň üçin dünýä çempionatynyň 2025-nji ýylda Daniýa gaýdyp gelmegi örän ajaýyp. Herning şeýle ýaryşy geçirmek üçin iň gowy ýer we biz janköýerlerde gowy täsirleriň galmagy üçin elimizden gelenini ederis” – diýip, ol aýtdy.
2022-nji ýylda dünýä çempionaty Finlýandiýada, 2023-nji ýylda Russiýada, 2024-nji ýylda Çehiýada geçiriler. Stokgolm dünýä çempionatynyň oýunlaryny 11-nji gezek, Herning ikinji gezek kabul eder.
2021-nji ýylda ýaryş Latwiýada geçirildi. Çempionatyň altyn medallaryny finalda Finlýandiýa toparyny ýeňen kanadalylar gazandy, üçünji orny bolsa amerikalylar eýeledi. Russiýanyň milli ýygyndysy dörtden bir finalda kanadalylardan ýeňlip, ýaryşdaky çykyşyny tamamlady.

düýn 23:43
2.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
5k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

düýn 14:33
9.8k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......