Serdar etrabyndaky elektrik stansiýasynyň taslamasyny maliýeleşdirmek boýunça resminama gol çekildi

  • 19.06.2021 17:44
  • 6.2k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda ýyllyk 4 göterimli, 3 ýyl ýeňillikli döwür bilen 15 ýyl möhletine baglaşylan Karz ylalaşygynyň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrar.
Energetika ministrligi Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen ýyllyk 4,5 göterimli, 3 ýyl ýeňillikli döwri bilen 15 ýyl möhlete içerki Karz ylalaşygyny baglaşar.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy iýunynda çykaran 1441-nji Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly elektrik stansiýasynyň taslamasyny maliýeleşdirmek hakyndaky Karz ylalaşygyny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

düýn 23:45
580

Kabulda «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji mejlisi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär....

düýn 15:53
1.1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy $4 milliondan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 26 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport amallarynyň umumy möçberi 4 million ABŞ dollaryndan geçdi....

05.04.2026 19:48
6.1k+

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäher häkimliginiň binasynyň gurluşygy bilen tanyşdy

Arkadag şäheriniň çägi boýunça häkimligiň ýene bir binasynyň gurluşygy dowam edýär. Bu ýerde alnyp barylýan işler bilen 4-nji aprelde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tanyşdy diýip, «Watan»......

05.04.2026 19:34
6.8k+

M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Adaty däl lukmançylyk» otagy açylar

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna baryp,......