Hytaý 2029-njy ýyla çenli Ýupitere ýetmegi maksat edinýär

  • 17.06.2021 22:21
  • 9.2k+

Hytaýlylar kosmosda barha ilerleýärler. Bu babatda olaryň indiki maksady Ýupitere uçmak bolup durýar diýip, 3dnews.ru habar berýär.

Hytaýlylar ençeme gyzykly we syrly hadysalar bolup geçýän Ýupitere 2029-njy ýylda uçarlar. Munuň özi eýýäm 2027-nji ýylda Ýerden ugramalydygyny aňladýar.
Hytaý metbugatynyň habaryna görä, Ýupitere kosmos stansiýasyny ibermek meselesi bireýýäm çözüldi diýen ýaly. Ýurduň häkimiýetleri bu taslamany tassykladylar we häzir bu babatdaky işler ylalaşmak tapgyrynda barýar. Hytaýlylaryň kosmosdaky ýene bir gyzykly missiýasy 2028-nji ýylda Marsdan Ýere toprak nusgalaryny getirmek bolar. Şeýle missiýany şol wagt ýa-da şondan bir ýyl öň NASA-nyň hem meýilleşdirýändigi aýdylýar.
Soňky birnäçe ýylda Hytaý özüni kosmosda iň geljegi uly ýurt hökmünde görkezdi. Şu wagta çenli ol açyşlary boýunça diňe Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan we SSSR-den yza galýar. Ýöne häzirki güýçli depginini göz öňünde tutsaň, onuň geljekde kosmosda liderlik etjekdigine ynam bildirmek bolýar.
Ýatlap geçsek, şu ýylyň maý aýynda Hytaý öz marsohodyny Marsa gondurdy we adamzat taryhynda Gyzyl planeta mobil robot stansiýasyny iberen üçünji ýurt boldy.


düýn 10:51
934

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.1k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.8k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:08
4.7k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....