Yssy howada özüňi alyp barmagyň düzgünleri

  • 17.06.2021 17:57
  • 17k+

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary hökman berjaý etmegi maslahat berýärler:

  • Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli
  • Günden goranmak üçin kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk dakynyň ýa-da saýawan göteriň!
  • Zerurlyk ýüze çykmasa, Gün şöhlesiniň ýiti düşýän wagtlarynda, ýagny 11.00-dan 17.00-a çenli aralykda daşaryk çykmaly däl.
  • Günden goraýjy äýnekleri dakmak peýdaly.
  • Tomsuň yssy howasynda açyk meýdanlara gezelenç etmek maslahat berilmeýär.
  • Howanyň aşa gyzmagy bilen bedenden köp mukdarda suwuklygyň der üsti bilen bölünip çykmagy diňe bir bedeniň deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna getirýär. Şonuň üçin hem yssy howalarda günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý suw içmeli.
  • Gazlandyrylan içgilerden, agyr, ýagly naharlary iýmekden ýüz öwrüň!
  • Tomsuň jöwzaly yssy günlerinde, esasanam, gartaşan adamlar we 2 ýaşa çenli çagalar bilen daşary çykylanda seresap bolmaly.
  • Yssy howada gyzyp gelip sowuk suwa düşmek, sowadyjynyň öňünde durmak, buz ýaly sowuk içgileri içmek düýbünden gadagan. Şeýle-de daşary çykylanda dürli ýokanç kesellerden goranmak üçin agyz-burun örtüklerini dakynyň!
  • Jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bolsa, saglygymyzyň kepilidir.
düýn 14:55
1.6k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......