BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl täze agzalary saýlandy

  • 16.06.2021 18:07
  • 4.6k+

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wekilleri Albaniýany, Braziliýany, Gabony, Ganany we Birleşen Arap Emirliklerini BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň täze, hemişelik däl agzalary hökmünde saýladylar. Şu ýurtlaryň wekilleri 2022-2023-nji ýyllarda bu düzümiň işine gatnaşyp biler — diýip, guramanyň resmi internet saýtynda habar berilýär. 

Howpsuzlyk Geňeşinde ýer gazanmak üçin Kongo Demokratik Respublikasy, Peru we Eýran hem dalaş etdi, ýöne olar sesleriň zerur bolan köplügini gazanyp bilmediler. Gana 185, Gabona 183, Braziliýa 181, Birleşen Arap Emirliklerine 179 we Albaniýa üçin bolsa 175 döwlet ses berdi. Howpsuzlyk Geňeşinde ýer almak üçin ýurtlara azyndan 129 ses gazanmak zerur bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, ses bermeklige BMG-niň agza döwletleriniň 193-si hem doly gatnaşmalydyr.
Mälim bolşy ýaly, Howpsuzlyk Geňeşiniň düzümine jemi 15 döwlet girip, olaryň bäşisi — Russiýa, Hytaý, ABŞ Beýik Britaniýa, Fransiýa  hemişelik agzalar hasaplanýar hem-de olar weto hukugyna eýedir. Hemişelik däl agzalar 2 ýyl möhlete saýlanyp, olaryň bäşisi her ýylda täzelenýär.


11.03.2026 23:51
4.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň wekili bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowa Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory jenap Peter wan Roý bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär...

07.03.2026 07:35
13k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...

07.03.2026 07:35
18k+

Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda Aksoltan Toreýewna Ataýewany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi...

06.03.2026 08:45
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň Adam hukuklary boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Matilda Bogneriň arasynda gepleşikler geçirildi...