Nowak Jokowiç ikinji gezek "Roland Garros"-yň ýeňijisi boldy

  • 15.06.2021 19:59
  • 3.8k+

Serbiýaly türgen Nowak Jokowiç Fransiýanyň Açyk çempionatynda - "Roland Garros" tennis ýaryşynda ikinji gezek ýeňiji boldy. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Häzirki wagtda dünýäniň ilkinji raketkasy hasaplanýan serb türgeni final duşuşygynda gresiýaly tennisçi Stefanos Sisipasy (5 ATP) ýeňdi. Jokowiç birinji setde 6:7 (6:8) hasabynda taý-breýkde ýeňildi, ikinjide hem - 2:6 hasabynda asgyn geldi, ýöne şondan soňra ol 6:3, 6:2, 6:4 hasaplar bilen üç ýeňiş gazandy. Türgenleriň duşuşygy dört sagatdan gowrak dowam etdi.
Mundan öň Jokowiç "Roland Garros"-da bir gezek - 2016-njy ýylda ýeňiji bolupdy.  Umuman alanyňda, serb türgeni “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ýekelikde 19 titulyň eýesi bolup durýar.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......