Barbora Kreýçikowa "Roland Garros"-da ýeňiji boldy

  • 14.06.2021 22:58
  • 3.3k+

Çehiýaly tennisçi Barbora Kreýçikowa Fransiýanyň Açyk çempionatynyň ("Roland Garros") çempiony boldy. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Kreýçikowa final duşuşygynda Russiýanyň wekili Anastasiýa Pawlýuçenkowa bilen güýç synanyşdy. Jemi 1 sagat 58 minut dowam eden duşuşyk 6:1, 2:6, 6:4 hasabynda çeh sportçusynyň peýdasyna tamamlandy. Duşuşygyň dowamynda - ikinji setde hasap 5:2 mahaly Pawlýuçenkowanyň lukmançylyk arakesmesini alandygyny bellemelidiris.
Kreýçikowa karýerasynda ilkinji gezek “Uly tuwulga” ýaryşynyň finalynda oýnady. Ondan öň tennisçi WTA-nyň howandarlygyndaky ýaryşda bir gezek ýeňiji bolupdy. Ýene bir bellemeli zat, Kreýçikowa Fransiýanyň Açyk çempionatynda ýeňiji bolan ilkinji çeh tennisçisi boldy.


düýn 11:10
8.6k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

08.06.2026 12:41
2k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......