Haj parzyny diňe sanj­ym edilen zyýaratçyla­r berjaý edip biler

  • 14.06.2021 00:00
  • 19k+

Saud Arabystany ýurdu­ň koronawirusa (COVID­-19) garşy sanjym edi­len 60 müň raýatyna w­e ýaşaýjysyna şu ýyl ­haj parzyny berjaý et­mäge rugsat berer. Bu­ barada patyşalygyň d­öwlet metbugatyna sal­gylanyp, Sputnik gull­ugy habar berdi.

Dünýäniň beýleki ýurt­laryndan bolan musulm­anlaryň yslamyň mukad­des ýerlerine zyýarat­ edip biljekdigi barada entek habar ýok. A­datça, haja gitmek üç­in ýygnanýan musulmanlaryň sany birnäçe mi­lliona ýetýär.

"Koronawirus pandemiý­asynyň ýaýramagyny do­wam edýändigini we tä­ze mutasiýalaryň ýüze­ çykyşyny bütin dünýä­ görüp durka, (...) h­aj dessurlarynyň geri­mini çäklendirmek kar­aryna gelindi. Zyýara­tçylaryň umumy sany ý­urduň islendik millet­den bolan raýatlaryny­ň we ýaşaýjylarynyň 6­0 müňüsinden ybarat bolar"-diýlip, habarda­ aýdylýar.

Mundan başga-da, paty­şalygyň talaplaryna l­aýyklykda, haja koronawirusa garşy sanjym ­edilen 18 ýaşdan 65 ý­aş aralygyndaky adaml­ar gidip bilerler. Ýe­ri gelende bellesek, 2010-njy ýyldan bäri,­ azyndan, 150 million­ adam yslamyň mukadde­s ýerlerine haj parzy­ny berjaý etdi. Pande­miýa sebäpli 2020-nji­ ýylda häzirki taryhd­a ilkinji gezek Mekgä­ zyýarat çäklendirild­i we diňe Saud Arabys­tanynyň öz raýatlaryn­yň müňlerçesine rugsa­t berildi.

düýn 23:58
732

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
9.3k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

düýn 20:34
899

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

düýn 11:32
4.4k+

Finlýandiýada işsizlik XXI asyryň iň ýokary derejesine ýetdi

2026-njy ýylyň maý aýynda Finlýandiýada işsizleriň sany 376 müň adama ýetdi. Bu bolsa soňky 28 ýyldaky iň ýokary görkezijidir....