Türkmenistanda sementiň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýlar

  • 12.06.2021 17:27
  • 18k+

Türkmenistanda sementiň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak hem-de olaryň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça işler geçirilýär. Bu barada wise-premýer Ş.Durdylyýew Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi pudagy ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri, hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyk işleri hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklary üçin zerur ýokary hilli gurluşyk serişdelerini çykarmak, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze zawodlary ulanmaga girizmek, ýerli mineral-çig mal serişdeleriniň esasynda önüm öndürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirýär.
Ministrligiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy.
“Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak meýdançasynyň dag jynslary bu önümçilik üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Bu mineral daşlary özüniň fiziki we himiki häsiýetleri bilen tapawutlanyp, ýokary hilli sement öndürmäge mümkinçilik berýär.


şu gün 08:13
497

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
873

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
601

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......