«Tokio — 2020-ä» gatnaşjak bosgunlaryň Olimpiýa toparynyň düzümi yglan edildi

  • 12.06.2021 17:10
  • 3.2k+

Halkara Olimpiýa Komiteti Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň 12 görnüşi boýunça ýaryşjak bosgunlaryň toparynyň 29 türgenden ybarat bolan düzümini tassyklady. Bu barada BMG-niň resmi internet saýtynyň habarlar bölümi ýazýar.

BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginde Halkara Olimpiýa Komitetiniň bu çözgüdini gutlap, toparyň halkara ýaryşlara şeýle derejede gatnaşmagynyň mejbury ýagdaýda ondan-oňa göçmeli bolan adamlar bilen bagly ählumumy çökgünligine ünsi çekmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Hut şu başlangyç dünýä ýüzündäki millionlarça bosgunlara has oňat geljek üçin umt berýär.
Häzirki wagtda dünýäde başga ýerlere göçürilen adamlaryň sany 80 milliondan gowrakdyr: bosgunlar, mejbury ýagdaýda ýurduň içinde göçürilýänler we raýatlygy bolmadyk adamlar. 
2020-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan Tokiodaky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin bosgunlaryň 56-sy taýýarlanypdy. Ýöne «bagt petegi» olaryň 29-syna miýesser etdi. Bosgunlaryň Olimpiýa toparynyň düzümine jemi 11 döwletden: Owganystandan, Wenesueladan, Kongo Demokratik Respublikasyndan, Eritreýadan, Eýrandan, Yrakdan, Kamerundan, Kongodan, Siriýadan, Sudandan, Günorta Sudandan türgenler girdi. Olaryň ählisi-de kemsitmeler we yzarlamalar sebäpli öz ýurtlaryndan mejbury ýagdaýda gaýtmaly bolanlardyr.
23-nji iýulda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Gresiýanyň — Olimpiýa oýunlarynyň Watanynyň toparyndan soň bosgunlaryň topary Olimpiýa baýdagynyň astynda ýöräp geçer.


05.05.2025 15:19
4.8k+

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue dördünji gezek absolýut çempion titulyny gorady

Las-Wegasda (ABŞ) 5-nji maýa geçilen gije professional boks agşamy geçirildi. Agşamyň esasy söweşinde ýaponiýaly Naoýa Inoue amerikaly Ramon Kardenasy tehniki nokaut bilen ýeňdi we yzygider dördünji gezek ikinji ýeňil agramda absolýut çempion adyny gorady...

11.04.2025 16:52
5.3k+

Olimpiada-2028-däki futbol ýaryşynda erkekler topary az, zenanlar topary köp bolar

Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiada-2028-e gatnaşjak futbol boýunça erkekler ýygyndylarynyň sanyny azaltdy. Bu barada HOK-yň sport direktory Kit Makkonnell habar berdi. Ýaryşda öňki...

06.04.2025 16:09
1.9k+

Maks Werstappen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji gezek ýeňiji boldy

27 ýaşly niderlandly ýaryş sürüjisi hem-de Formula-1-iň dört gezek çempiony Maks Werstappen «Red Bull» toparynyň wekili hökmünde «Suzuka» ýaryş ýolunda geçirilen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji ýeňşini...

24.03.2025 11:03
2.4k+

Boks Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna gaýdyp geldi

Boks 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň programmasyna resmi taýdan goşuldy. Çözgüt Halkara olimpiýa komitetiniň (HOK) Kosta-Nawarinoda (Gresiýa) geçirilen 144-nji sessiýasynda...