«Tokio — 2020-ä» gatnaşjak bosgunlaryň Olimpiýa toparynyň düzümi yglan edildi

  • 12.06.2021 17:10
  • 2721
«Tokio — 2020-ä» gatnaşjak bosgunlaryň Olimpiýa toparynyň düzümi yglan edildi

Halkara Olimpiýa Komiteti Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň 12 görnüşi boýunça ýaryşjak bosgunlaryň toparynyň 29 türgenden ybarat bolan düzümini tassyklady. Bu barada BMG-niň resmi internet saýtynyň habarlar bölümi ýazýar.

BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginde Halkara Olimpiýa Komitetiniň bu çözgüdini gutlap, toparyň halkara ýaryşlara şeýle derejede gatnaşmagynyň mejbury ýagdaýda ondan-oňa göçmeli bolan adamlar bilen bagly ählumumy çökgünligine ünsi çekmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Hut şu başlangyç dünýä ýüzündäki millionlarça bosgunlara has oňat geljek üçin umt berýär.
Häzirki wagtda dünýäde başga ýerlere göçürilen adamlaryň sany 80 milliondan gowrakdyr: bosgunlar, mejbury ýagdaýda ýurduň içinde göçürilýänler we raýatlygy bolmadyk adamlar. 
2020-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan Tokiodaky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin bosgunlaryň 56-sy taýýarlanypdy. Ýöne «bagt petegi» olaryň 29-syna miýesser etdi. Bosgunlaryň Olimpiýa toparynyň düzümine jemi 11 döwletden: Owganystandan, Wenesueladan, Kongo Demokratik Respublikasyndan, Eritreýadan, Eýrandan, Yrakdan, Kamerundan, Kongodan, Siriýadan, Sudandan, Günorta Sudandan türgenler girdi. Olaryň ählisi-de kemsitmeler we yzarlamalar sebäpli öz ýurtlaryndan mejbury ýagdaýda gaýtmaly bolanlardyr.
23-nji iýulda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Gresiýanyň — Olimpiýa oýunlarynyň Watanynyň toparyndan soň bosgunlaryň topary Olimpiýa baýdagynyň astynda ýöräp geçer.


06.12.2022 01:54
9115

DÇ-2022: Horwatiýa oýundan soňky jerime urgular boýunça Ýaponiýany ýeňdi

Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Horwatiýanyň futbolçylary oýundan soňky 11 metrlik jerime urgulary boýunça Ýaponiýadan üstün çykdylar. El-Wakrada geçirilen oýnuň esasy wagty...

02.12.2022 09:26
9138

DÇ-2022: Ýaponiýa Ispaniýadan üstün çykdy, olaryň ikisi hem pleý-off-a çykdylar

Katarda futbol boýunça dünýä çempionatynyň E toparynyň üçünji oýnunda Ýaponiýa 2:1 hasap bilen Ispaniýadan üstün çykdy. Ýaponiýadan gollary Risa Doan (48) we Ao Tanaka (51) geçirdi. Ispaniýadan Alwaro Morata (11)...

24.11.2022 00:31
7446

DÇ — 2022: Germaniýanyň ýygyndysy Ýaponiýadan ýeňildi

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Katardaky dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Ýaponiýadan 1:2 hasapda ýeňildiler. Dohada geçirilen duşuşygyň 33-nji minudynda Ilkaý Gündogan...

10.10.2022 12:19
3327

Maks Werstappen “Formula-1-iň” iki gezek çempiony boldy

“Red Bulluň” sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň iki gezek ýeňijisi boldy. Eger-de niderlandiýaly birinji titulyny soňky ýaryşyň soňky aýlawynda gazanan...