Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty hojalyk hasaplaşygyna geçiriler

  • 12.06.2021 18:32
  • 23k+

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Halkara gatnaşyklary institutynda fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-sy, merkezleriň 3-si hereket edýär. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny özgertmek maksady bilen, degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy.
Hususan-da, iki basgançakly bakalawr we magistr bilim maksatnamasyna geçmek üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary okuw mekdebinde tölegli esasda käbir ugurlary açmak teklip edilýär. Geljek ýyllarda beýleki hünärler boýunça şu esasda okatmak hem-de instituty hojalyk hasaplaşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen birlikde, Halkara gatnaşyklary institutynyň düzümini kämilleşdirmek bilen baglylykda, täze okuw bölümlerini, şol sanda ýokary okuw mekdebiniň ýanynda ýaş diplomatlaryň mekdebini, strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi açmak, şeýle hem sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümini döretmek maksadalaýyk hasaplanylýar.
Döwlet Baştutany hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

düýn 18:41
2.1k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

düýn 11:24
4.3k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

18.06.2026 14:00
3.9k+

Türkmenistanda 6 bilim edarasy döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama aldy

Aşgabatda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Birinji akkreditasiýa möwsüminiň jemleri boýunça alty sany bilim edarasy degişli......

17.06.2026 09:44
2.1k+

Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça......