UEFA Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna Hyundai H1 miniwenini gowşurdy

  • 12.06.2021 14:05
  • 26k+

Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) UEFA ASSIST halkara programmanyň çäginde Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna Hyundai H1 miniwenini gowşurdy. Bu barada federasiýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

UEFA ASSIST programmasynyň esasy maksady – tejribe we pikir alyşmakdan ybarat bolup, onuň netijesinde FIFA agza bolan Konfederasiýalaryň agzalarynda futbol bilen bagly alnyp barylýan işleri ep-esli derejede ilerletmekden ybarat bolup durýar. UEFA ASSIST halkara programmasy beýleki konfederasiýalaryň milli assosiasiýalary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy saklap, olaryň ösüş gazanmaklaryny üpjün etmekden ybarat bolup durýar. 
UEFA ASSIST programmasy maliýe kömegi bilen däl-de, futboly ösdürmäge gönükdirilen dürli çäreleri geçirmek arkaly amaly kömegi üpjün eder.
UEFA ASISST programmasy esasan dört ugurdan — bilim we tejribe alyşmakdan; ýaşlar futbolunyň ösüşinden; taslamalara goldaw bermekden we infrastrukturany ösdürmekden; UEFA agza bolan milli assosiasiýalaryň maksatnamalaryna goldaw bermekden ybarat bolup, olaryň her biri FIFA agza bolan assosiasiýalara we konfederasiýalara goldaw berer.


düýn 19:30
1.9k+

«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy....

düýn 16:35
4k+

«Real» resmi taýdan möhletinden irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi

Madridiň «Realy» aslynda 2029-njy ýyla meýilleşdirilen klubuň prezidentiniň we direktorlar geňeşiniň möhletinden irki saýlawlarynyň başlanýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

13.05.2026 23:00
2.9k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

13.05.2026 19:36
3.9k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....