Dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň täze sanawy: onda Russiýanyň ÝOM-larynyň 48-si bar

  • 11.06.2021 19:27
  • 24k+

«Quacquarelli Symonds» ählumumy ylmy-barlag we maslahat beriş merkezi tarapyndan uniwersitetleriň Bütindünýä sanawy düzülip, ol ýokary okuw mekdepleriniň 1 müňden gowragyny öz içine alýar. «Quacquarelli Symonds» sanawy düzmek üçin 6 sany görkezijiden ugur alýar: akademiki abraýy, iş berijileriň arasyndaky abraýy, salgylanylma indeksi, talyplara we mugallymlara gatnaşygy, halkara derejeli işgärleriň we daşary ýurtly talyplaryň möçberi. 

QS World University Rankings 2022 sanawyna giren ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 78-nji orny eýelän Russiýanyň okuw jaýlarynyň 48-siniň arasynda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti öňdeligi eýeledi — diýip, guramaçylar РИА Новости habarlar agentligine habar berdiler.
Bellenilişi ýaly, Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň birbada 48-si sanawyň taryhyna ilkinji gezek girdi. Bu babatda Hytaý (58), Beýik Britaniýa (90), ABŞ (177) Russiýadan öňe geçdi.
Şunlukda, sanawda Russiýanyň okuw jaýlarynyň arasynda Moskwa döwlet uniwersitetinden soň, Sankt-Peterburg döwlet uniwersiteti ikinji, Nowosibirsk döwlet uniwersiteti üçünji, Tomsk döwlet uniwersiteti dördünji we Moskwa döwlet tehniki uniwersiteti bolsa bäşinji orna çykdy.

düýn 18:58
2.5k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.4k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......

22.06.2026 01:15
4.3k+

Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň uniwersitetleri iň gowularyň reýtinginde orunlaryny güýçlendirdi

Britaniýanyň Quacquarelli Symonds (QS) kompaniýasy dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň QS World University Rankings 2027 reýtingini neşir etdi. Sanawda öňdebaryjy orunlary öňküsi ýaly ABŞ-nyň we Beýik......

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......