Türkmenistanda hususy telekeçiler miwe-bakja önümleriň önümçiligini 86% artdyrdylar

  • 11.06.2021 20:03
  • 18k+

2021-nji ýylyň başky bäş aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 86,7% köp miwe we gök önüm ýygnady. Bu barada ORIENT tarapyndan habar berilýär.

Hususylaşdyrylan daýhan birleşikleri häzirki zaman tehnologiýalaryny we suw çeşmelerini tygşytly peýdalanmak arkaly önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrdylar.
Ýazky ekişlerden TSTB-niň agzalary 150 müň tonnadan gowrak dürli oba hojalyk önümlerini ýygnamagy meýilleşdirýärler.
59 müň 566 tonna ýeralma, pomidor, hyýar, sogan, bulgar burçy, kelem, käşir, şugundyr we beýleki gök önümleri almaga garaşylýar. Miwe we üzüm - 44 müň 593 tonna.
891,5 tonna mäş we tüwi ýygnamak meýilleşdirilýär. Mekgejöwen, soýa, arpa we ş.m. - 63 müň 867 tonna.
Ýatlatsak, sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň hususy bölegine döwlet tarapyndan maliýe goldawy barada karara gol çekdi. Bu resminama oba hojalygynyň öndürijilerine häzirki zaman enjamlaryny, ýokary hilli ekiş materiallaryny, ýokary tehnologiýaly ýyladyşhanalary gurmak we ş.m. satyn almak üçin maliýe kömegini bermegi göz öňünde tutýanlygy bilen hususy oba hojalygynyň ösmegine oňyn täsir etmek üçin niýetlenendir.

düýn 22:44
751

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
5.5k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.5k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....