Türkmenistanda 2021-nji ýylda 2100 tonna pile taýýarladylar

  • 10.06.2021 21:15
  • 4.7k+

Türkmenistanda ýüpekçiler 2021-nji ýylda Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren iş maslahatynda wise-premýer E.Orazgeldiýew habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň bu pudagy goldamak boýunça geçirýän toplumlaýyn çäreleri netijesinde ata-babalarymyzyň mirasy bolan ýüpekçiligi ösdürmek hem-de gymmatly çig mal bolan piläniň öndürilişini artdyrmak üçin ähli zerur şertler döredildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň pile öndürijilerinden kabul edilip alnan piläniň talabalaýyk şertlerde saklanylmagyny hem-de ony gaýtadan işleýän degişli kärhanalarda ýokary hilli ýüpek önümleriniň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

şu gün 19:25
69

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

şu gün 07:51
1.6k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.9k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 17:10
1.8k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....