Arktikada buzlaryň örän çalt ereýändigi ýüze çykaryldy

  • 09.06.2021 21:08
  • 14k+

Norwegiýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň we Beýik Britaniýanyň alymlaryndan düzülen halkara topar Arktikada deňiz buzlarynyň ozal hasaplananyndan iki esse çalt ereýändigini ýüze çykardy. «The Cryosphere» žurnalynda çap edilen makala esaslanyp, bu barada lenta.ru habar berýär.

Gözegçiler buzlaryň suwa çümmegi we gar örtükleri barada täze alnan maglumatlar esasynda deňiz buzlarynyň 2002-2018-nji ýyldaky galyňlyklaryny hasapladylar. Görnüşi ýaly, Arktikanyň töwereklerindäki deňizleriň ýedisinden dördüsiniň buzlarynyň galyňlygy 60-dan 100 göterime çenli ýukalýar. Munuň özi hemra radiolokasiýa uzynlyk ölçegleri arkaly alnan adaty klimat maglumatlaryndan has ýokarydyr.  
Alymlaryň aýtmagyna görä, deňiz buzlarynyň galyňlygy Arktikadaky klimatyň heläkçilikli derejede üýtgeýändiginiň duýgur görkezijisidir. Hut şu sebitde howanyň ählumumy maýlamagy örän ýiti duýulýar we adaty temperatura rekord derejede ýokarlanýar. Bu bolsa tutuş buzluklaryň, şol sanda deňziň buz örtükleriniň eremegini çaltlandyrýar. Umumy meýilleri ýaşyrýan ýyllyk üýtgäp durmalara garamazdan, alymlar gyşyň ýedi aýynyň altysy boýunça buz örtükleriniň görnetin ýukalýandygyny statistiki taýdan kesgitlediler.  


düýn 11:37
3.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

22.04.2026 01:04
8.1k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

24.03.2026 07:08
4.1k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...

23.03.2026 05:25
4.6k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar...