BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Guterrişi ikinji gezek guramanyň başlyklygyna saýlady

  • 09.06.2021 21:39
  • 7k+

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Baş sekretar Antoniu Guterrişiň ikinji möhlete saýlanmagyny goldap ses berdi. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Netijede, Antoniu Guterriş ikinji gezek BMG-niň Baş sekretary wezipesine bellendi. Portugaliýanyň öňki premýer-ministri - 72 ýaşly Guterriş bu wezipä ilkinji gezek 2017-nji ýylda saýlanypdy.
Bu gezek BMG-niň Baş sekretary wezipesine 10 adam dalaş etdi. Ýöne BMG-niň agzalygyna girýän 193 döwletiň hiç biriniň-de goldamandygy üçin olar resmi dalaşgär hasaplanmady. Ýapyk görnüşde geçirilen gysgaça ýygnakda Howpsuzlyk Geňeşi Guterrişiň Baş Assambleýa ýene bir möhlete saýlanmagyny goldap, biragyzdan ses berdi.
Ýeri gelende bellesek, Baş Assambleýanyň kandidaturany tassyklamagy resmi hasaplanýar we munuň ýakyn wagtda durmuşa geçirilmegine garaşylýar.


düýn 08:43
3.3k+

Serdar Berdimuhamedow SPECA hepdeligini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada wise-premýer H...

16.01.2026 12:19
5.7k+

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary saýlaw möwsüminiň başlanandygyny yglan etdi

14-nji ýanwarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirilip, onda öňde boljak saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy...

13.01.2026 12:26
3.7k+

BMG: Global JIÖ geljek iki ýylda pandemiýadan öňki görkezijä gaýdyp gelmez

Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatyna görä, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi 2025-nji ýyldaky 2,8%-den soň 2026-njy ýylda 2,7%-e çenli haýallar. Çaklamalara görä, 2027-nji ýylda ösüş 2,9% bolar, bu bolsa 2010 – 2019-njy ýyllar aralygyndaky ortaça 3,2% görkezijiden pesdir...

12.01.2026 18:07
2.6k+

Raşid Meredow Kaha Imnadze bilen öňüni alyş diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny maslahatlaşdy

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy...