Ýaponiýada çaga dogluşynyň iň pes derejesi hasaba alyndy

  • 08.06.2021 21:41
  • 8.8k+

Geçen ýyl Ýaponiýada soňky ýüzýyllygyň içinde çaga dogluşynyň iň pes derejesi hasaba alyndy diýip, Ýaponiýanyň hökümet maglumatlaryna salgylanyp, Sinhua ýazýar. Bu barada nikvesti.com habar berýär.

Geçen ýyl Ýaponiýada doglan çagalaryň sany 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 24 407 adam azalyp, ilkinji gezek 900 müňden aşak düşüp, 840 832-ä ýetdi. Täze doglan çagalaryň şeýle sany 1899-njy ýylda hasap ýöredilip başlany bäri iň pes derejedir – diýlip, materialda aýdylýar.

Ýapon hökümetiniň baş sekretary Kasunobu Katonyň aýtmagyna görä, barha ýaramazlaşýan milli demografiki çökgünlik ýurduň esasyny gowşadyp biler.

Çagalaryň sanynyň azalmagy biziň jemgyýetimiziň we ykdysadyýetimiziň esasyny gowşadyp biljek meseledir. Onuň çözülmegi ileri tutulýan ugur bolmalydyr – diýip, Kasunobu Kato aýtdy.

Ol çagalaryň dünýä inmegi we terbiýelenmegi üçin jemgyýetde bar bolan päsgelçilikleri aradan aýyrmaga çagyrdy. Analitikleriň maglumatlary boýunça, şu ýyl hem Ýaponiýada çaga dogluş derejesi peselmegini dowam etdirer we diňe 700 müň töweregi çaga dünýä iner.


08.06.2026 13:01
9.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
8.1k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.7k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

06.05.2026 15:42
4k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......