Ekogurluşyk: Ispaniýada sementiň ýerine kül ulanylýar

  • 08.06.2021 22:00
  • 10k+

Şeýle seredeniňde, Walensiýanyň golaýynda gurulýan awtomagistralyň täze bölegi adaty ýollardan tapawutly däl. Ýöne onuň ýokarky böleginde syr saklanýar. Onda täzeçil tehnologiýalaryň kömegi bilen «Acciona» ispan potratçysy sementiň ýerine kagyz külüni peýdalanýar. Ol ýol örtüginiň berkligini ýokarlandyrýar. 

Kompaniýanyň wekili Huan Hose Pamplon euronews.com-yň habarçysyna öz girizen täzelikleri barada gürrüň berdi: «Ýol gurlanda, bize iň berk materiallar gerek. Şonuň üçin biz adaty ýagdaýda sement ulanýarys. Ýöne kagyzyň küli diňe bir tehniki talaplara laýyklykda oňa meňzeş däl, eýsem, kül ekologiýa taýdan has arassa! Taslamadan garaşylýan netije örän uly. Hasaplamalarymyza görä, biz uglerodyň ikili oksidiniň 65-75 göterimini, onuň möçberini has artdyrsak bolsa, 18 müň tonna sementi tygşytlap bileris».
Onuň bähbitli tarapy diňe bir kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaldýanlygynda jemlenmeýär. Kagyz külüni — kagyzyň ýanan galyndylaryny we sellýulozany ulanmak bilen, kompaniýa zyňyndylary gerek bolan resursa öwürýär.
Bu taslama kompaniýanyň häzir amala aşyrýan üç gurluşygynyň biri. Ýöne olar küli ilki milli derejede, soňra bolsa halkara derejede ulanmaklygy meýilleşdirýärler. «Acciona» topary «PaperChain» taslamasynyň gatnaşyjysy bolup durýar. Onuň maksady Ýewropanyň kagyz we sellýuloza galyndylary senagatyny peýdalanmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda bu pudakda önümçiligiň ýyllyk möçberi 130 million tonna barabar bolup, dünýäde ululygy boýunça ikinji orunda durýar.


şu gün 20:58
778

Amerikaly alymlar 1993-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän aşa ýokary geçirijilik rekordyny täzelediler

Hýuston uniwersitetiniň barlagçylary gaty jisimleriň fizikasy ugrunda täze üstünlik gazanandyklaryny mälim etdiler. Alymlar atmosfera basyşynda we minus 122 gradus Selsiý temperaturada elektrik toguny ýitgisiz geçirmäge ukyply bolan aşa ýokary geçiriji material döretdiler...

04.03.2026 16:01
1.1k+

Alymlar metandan dermanlyk madda almagy öwrendiler

Alymlar metany derman öndürmekde ulanyp boljak çylşyrymly himiki maddalara öwürmegiň täze usulyny işläp düzdüler. Bu baradaky barlag Science Advances žurnalynda çap edildi. Taslamanyň esasy üstünligi – taryhda ilkinji gezek metandan gönüden-göni dimestrol maddasynyň alynmagydyr...

18.02.2026 07:37
7.7k+

Balykçylygyň gadagan edilmegi Ýanszy derýasynda 70 ýylda ilkinji gezek balyklaryň köpelmegine getirdi

Science žurnalynda Hytaýda geçirilen giň gerimli ekologik barlagyň netijeleri çap edildi. Onda alymlar 2021-nji ýylda Ýanszy derýasynyň howzunda täjirçilik maksatly balyk tutmaga girizilen on ýyllyk moratoriýanyň netijelerine baha berdiler...

14.02.2026 14:15
3.1k+

Norwegiýa deňziniň düýbünde adatdan daşary wodorod çeşmesi tapyldy

Alymlar Norwegiýa deňziniň düýbünde düzüminde adatdan daşary ýokary mukdarda wodorod saklaýan gidrotermal çeşmeleri ýüze çykardylar. Knipowiç gerşiniň çäklerinde edilen bu açyş şeýle ulgamlaryň emele gelşi we beýleki planetalaryň ummanlaryndaky ýaşaýyş mümkinçilikleri baradaky düşünjelere üýtgeşme girizip  biler...