Ýewroparlamentiň spikeri Balkan ýurtlaryny Ýewropa Bileleşiginiň düzümine goşmaga çagyrýar

  • 08.06.2021 22:02
  • 6.5k+

Ýewroparlamentiň spikeri Dawid Sassoli Balkan ýurtlarynyň Ýewropa Bileleşiginiň girizilmegi ugrunda çykyş edýär. Bu barada onuň golaýda «Funke» media toparyna beren maglumatyna salgylanyp, TASS habar berýär. 

«Ýewropa Bileleşiginiň düzüminiň giňeldilmegi sebit we şol sanda tutuş Ýewropa üçin uly bähbitleri getirip biler» — diýip, ol bu guramanyň giňeldilmegini parahatçylygyň we abadançylygyň oňyn taslamasy hökmünde häsiýetlendirdi. Onuň sözlerine görä, Günbatar Balkan ýurtlarynyň bu düzüme goşulmagynyň depgini döwletleriň Ýewropa Bileleşigine girmek üçin zerur bolan talaplara laýyk gelmegine bagly bolar.

Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girmeklige Albaniýa, Demirgazyk Makedoniýa, Serbiýa, Çernogoriýa we Türkiýe ýaly döwletler resmi taýdan dalaşgär hökmünde görkezildi. 


düýn 19:01
953

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

09.05.2026 15:30
2.5k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......

09.04.2026 23:46
2.8k+

Mähri Bäşimowa ÝB-niň ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

8-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy....

09.04.2026 11:48
4k+

Eurostat ÝB ýurtlarynyň durmuş derejesiniň düýpli tapawutlanýandygyny görkezdi

2025-nji ýylyň maglumatlaryna görä, ÝB ýurtlarynyň arasynda ilat başyna düşýän girdeji we durmuş derejesi boýunça düýpli parhlanýar. Eurostat-yň barlagynda bahalaryň arasyndaky tapawutlar hem hasaba alyndy....