Meksikada ýurduň taryhynda iň iri saýlawlar geçirildi

  • 07.06.2021 17:52
  • 7.7k+

6-njy iýunda Meksikada ýurduň taryhynda iň iri saýlawlar geçirildi. Azertag.az-yň habar bermegine görä, meksikanlar 20 müňden gowrak dolandyryjylary we dürli derejedäki wekilleri saýladylar. Olaryň arasynda ýurduň ýerli ýolbaşçylarynyň 3/4 bölegi — gubernetorlaryň 15-si, federal deputatlaryň 500-si we sebitleýin deputatlaryň 1 müň 63-si, şeýle-de 30 ştatdaky munisipalitetleriň ýolbaşçylarynyň 1 müň 926-sy bar.
Şeýle hem munuň özi geçen ýylda Koauila ştatynyň Idalgo munisipalitetinde federal derejede geçirilen ýerli saýlawlardan soň, pandemiýa döwründäki ilkinji saýlawlardyr. Ses berişliklere 95 million adam gatnaşdy. Bu saýlawlaryň netijesi köp derejede ýurduň Prezidenti Andres Manuel Lopes Obrador tarapyndan bellenen durmuş-ykdysady özgertmeleriň ykbalyny hem kesgitlär.


düýn 14:16
4.2k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.9k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......