Ylmyň we tehnologiýalaryň günsaýyn kämilleşýän zamanasynda «akylly şäher» konsepsiýasy bütin dünýäde ululy-kiçili şäherleriň ýüzlerçesi tarapyndan durmuşa geçirilýär. «Akylly şäher» düşünjesi dürli çeşmelerde dürlüçe kesgitlenilýär. Mysal üçin, Ýewropa Bileleşiginde bu düşünje bilen maglumat-aragatnaşyk serişdeleriniň hasabyna jemgyýetçilik meselelerini çözmäge gönükdirilen işi amala aşyrýan şäherler göz öňünde tutulýar. Russiýa Federasiýasynda bolsa bu düşünje arkaly daşky gurşawyň we ýaşaýjylaryň bähbidine toplumlaýyn çözgütleri ornaşdyrýan «innowasion şäherler» aňladylýar. Käbir tapawutlara garamazdan, «akylly şäher» konsepsiýasynyň esasy alamatlary hökmünde durnuklylyk we ekologiýa arassaçylygy, dolandyryşa tutuş jemgyýetiň işjeň gatnaşmagy, maglumatlaryň netijeli peýdalanylmagy, hyzmatlaryň hilini we durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ymtylyş görkezilýär. Diýmek, «akylly şäheri» jemgyýetiň bähbidi üçin sazlaşykly işleýän bir bitewi janly bedene meňzedip bolar. Şeýle şäherde ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar ýaşaýjylaryň durmuşyny ähli derejede gowulandyrmaga ýardam edýär.
«Akylly şäher» — sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen serişdeleri ýerlikli we tygşytly peýdalanýan aýawly şäher. «Akylly şäheriň» hyzmatlary çylşyrymly wezipeleri ýeňilleşdirýär. Meselem, sanly döwlet hyzmatlarynyň işe girizilmegi bilen raýatlara salgytlary, jerimeleri we gaýry tölegleri tölemek ýa-da lukmanyň, hukukçynyň kabul edişine ýazylmak üçin ýörite edaralara barmak zerurlygy aradan aýrylýar. Bu işler onlaýn görnüşde amala aşyrylyp bilinýär. Döwlet hyzmatlary, şäheriň ulag düzümlerini dolandyrmak, suwuň we energiýanyň ýerlikli peýdalanylyşy, saglygy goraýyş, innowasion oba hojalygy we galyndylaryň gaýtadan işlenilişi hem «akylly şäher» tehnologiýalarynyň kämilleşdirýän ugurlarynyň hataryna girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň esasynda «akylly şäheriň» ägirt uly taslamalaryny durmuşa geçirmäge aýratyn üns berýär. Şol tehnologiýalar durmuşyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy sazlaşykly baglanyşdyrar. Munuň özi bitewi aň-paýhas ulgamynyň ýaýbaňlandyrylmagyny aňladýar. Bu ulgama ulag hereketinden başlap, ekologiýa çenli uly möçberdäki maglumatlar jemlenýär. Degişli gulluklar şol maglumatlara eýe bolmak bilen, energiýanyň paýlanylyşyny kämilleşdirmäge, zir-zibilleriň ýygnanylmagyny ýeňilleşdirmäge, ýollarda bökdençlikleriň aradan aýrylmagyna, hatda howanyň hiliniň gowulandyrylmagyna mümkinçilik alarlar.
Ýurdumyzda «akylly» ulgamlar eýýäm Aşgabadyň täze ýaşaýyş toplumlarynda giňden ornaşdyryldy. Ahal welaýatynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan täze edara ediş merkezi we paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde düýbi tutulan döwrebap ýaşaýyş toplumy — «Aşgabat-siti» ýaly taslamalar eziz Diýarymyzda «akylly şäher» konsepsiýasyna doly kybap gelýän ilkinji düzümler bolar. Şeýlelikde, adamlaryň bähbidine hyzmat edýän innowasion ulgamlar ýurdumyzda şäher gurluşygynyň durnukly ösmegi üçin tehnologik çemeleşmeleriň esasyny emele getirer.