Renault wodorod ýangyçly awtoulag kärhanasyny döretdi

  • 06.06.2021 19:48
  • 4.5k+

Renault topary wodorod çözgütleri bilen meşgullanýan Plug Power kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda bilelikdäki kärhanany döredendigini mälim etdi. Ol iki hyzmatdaşyň deň eýeçiliginde, bilelikde dolandyrylýar. Bu barada auto.mail.ru-nyň habarynda ýazylýar.

Täze kärhana Hyvia adyny aldy. HY-drogen (wodorod) we VIA (ýol) diýen iki bölekden ybaratdyr. Kärhana ýangyç elementlerinden durýan hususy ýeňil awtomobiller üçin integrirlenen ekosistemany döretmek, şol sanda wodorod ýangyç elementli ulaglaryň önümçiligi, ýangyç guýulýan beketler, ekologiýa taýdan arassa wodorod üpjünçiligi, awtoparklara hyzmat etmek we ulanmaga bermek ýaly işler bilen meşgullanar.
Bilelikdäki kärhana Fransiýada 4 sany meýdançada öz işini alyp barar. Renault-yň habar bermegine görä, Hyvia-nyň wodorod ýangyçly elementleriniň integrirlenen güýjüniň Renault E-Tech ulgamy bilen bilelikde ornaşdyrylmagy ýoluň aralygyny 500 kilometre çenli uzaldar we ony ýangyçdan doldurmak üçin 3 minut wagt gerek bolar.
Hyvia-nyň ýangyç elementli ilkinji üç awtomobili Batiýidäki zawodda Renault Master platformasynda döredilip, Ýewropanyň bazarlarynda 2021-nji ýylyň ahyrynda peýda bolar.

düýn 12:31
1.6k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

düýn 09:36
2.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 08:19
2.3k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......