Hytaý kompaniýalarynyň 59-sy ABŞ-nyň «gara sanawyna» girdi

  • 06.06.2021 14:30
  • 10k+

ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden, Ak tamyň pikiriçe, ABŞ-nyň howpsuzlygyna zeper ýetirýän hytaý kompaniýalarynyň 59-syna Waşingtonyň maýa goýmagyny gadagan edýän karara gol çekdi. Bu barada Interfaksyň maglumatlaryna salgylanyp, Trend agentligi habar berýär.  

«Bu ýerine ýetiriji karar ABŞ-nyň we biziň hyzmatdaşlarymyzyň howpsuzlygyna ýa-da demokratik gymmatlyklaryna zeper ýetirýän hytaý kompaniýalaryna ABŞ-nyň maýa goýumlaryny gadagan edýär» — diýip, resminamada bellenilýär. Ol 2021-nji ýylyň 2-nji awgustyndan güýje girer. 

Gara sanawa hytaý kompaniýalarynyň 59-sy girdi. Olaryň hatarynda telekommunikasiýalar ulgamynda dünýäniň iri kompaniýalarynyň biri bolan Huawei Technologies Co., Ltd, mikroelektronika önümçiligi bilen meşgullanýan Semiconductor Manufacturing International Corporation (SMIC), awiatehnikalary öndüriji Aviation Industry Corporation of China (AVIC), China Mobile Communications Group Co., Ltd., China Telecommunications Corporation, China United Network Communications Group Co., Ltd. ýaly telekommunikasiýa kompaniýalary we China Railway Construction Corporation (CRCC) gurluşyk kompaniýasy hem-de beýlekiler bar.

Bu kararda onuň ABŞ-dan islendik adama şol kompaniýalaryň gymmatly kagyzlar biržasynda satylýan islendik satuwlaryna gatnaşmagy gadagan edýändigi aýdylýar. 

«Gara sanaw» ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan hytaý kompaniýalaryna degişli kabul edilen çäreleriň biridir.

düýn 23:22
340

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.4k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......